Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 1:17 - Mukaddes Kitap

17 Emma sen welin, biliňi berk guşa. Tur-da, buýurýan ähli zatlarymy olara aýt. Olardan gorkma, ýogsam Men-de seni olaryň gözüniň alnynda gorka salaryn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Эмма сен велин, билиңи берк гуша. Тур-да, буюрян әхли затларымы олара айт. Олардан горкма, ёгсам Мен-де сени оларың гөзүниң алнында горка саларын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 1:17
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ylýasa Rebbiň güýji geldi. Ol donuny biline guşap, tä Ýizregeliň derwezesine çenli uzak ýola Ahabyň öňünden ylgap gitdi.


Onsoň Rebbiň perişdesi Ylýasa: «Onuň bilen aşak düş, ondan gorkma» diýdi. Şeýdip, Ylýas aşak düşüp, ellibaşy bilen patyşanyň ýanyna gitdi.


Elýaşa Geýhaza şeýle diýdi: «Biliňi guşa-da, eliňe meniň hasamy alyp, ýola düş. Eger sen ýolda kimdir birine duşaýsaň, oňa salam berme, biri saňa salam berse, onuň salamyny alma. Sen meniň hasamy çaganyň ýüzüne goý».


Elýaşa pygamberler toparyndan birini çagyryp, şeýle diýdi: «Biliňi guşap, eliňe şu zeýtun ýagly golçany alyp, Ramotgilgada git.


Erkek kimin biliňi berk guşa, seni sorag etjek, Maňa jogap ber!


Hudaý oňa: «Seniň bilen boljak Mendirin. Sen halky Müsürden çykaryp getireniňde, Maňa şu dagda sežde edersiňiz. Bu bolsa seni Meniň ýollandygymyň nyşany bolar» diýdi.


Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa faraondan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar.


Ine, bu gün Men seni tutuş ýurduň garşysyna – Ýahuda patyşalaryna, onuň ýolbaşçylaryna, ruhanylaryna, ýurduň halkyna garşy berk gala, demir sütün we bürünç diwar etdim.


Goý, meni yzarlaýanlar utanja galsyn, emma meni utanja goýma. Goý, olar gorka düşsün, emma meni gorka salma. Başlaryndan betbagtlyk gününi inderip, goşa gyrgynçylyk bilen ýok et olary.


Pygamber öz gören boş düýşlerini gürrüň beribersin, emma Meniň sözümi eşiden her kes sözümi hakyky beýan etsin. Heý-de, bugdaýy saman bilen deňäp bolarmy? Muny Reb aýdýandyr.


Şonda Ýermeýa ähli ýolbaşçylara we tutuş halka ýüzlenip, şeýle diýdi: «Bu öý bilen şäher hakda ýaňky eşiden sözleriňizi pygamberlik etmegim üçin meni Reb ýollady.


«Reb şeýle diýýär: Rebbiň öýüniň howlusynda dur-da, sežde etmek üçin Ýahuda şäherlerinden ol ýere gelen her kese aýt. Saňa aýtmagy buýran sözlerimiň ýekejesini-de gaçyrman, baryny olara ýetir.


Rebbiň öýünde Neriýanyň ogly Baruk düýrlenen golýazmadan Rebbiň sözlerini okady. Ol Ýermeýa pygamberiň tabşyran ähli zadyny berjaý etdi.


Billeriňiz guşalgy, çyralaryňyz ýakylgy bolsun.


Peýdaly bolan zatlaryň hiç birini sizden gaýgyrmadym. Öýme-öý aýlanyp, hemmesini size aç-açan wagyz etdim.


Sebäbi men Hudaýyň ähli islegini size wagyz etmekden boýun towlamadym.


Men Hoş Habary wagyz edýänim bilen magtanmaga haklydyryn öýdemok: muny etmek borjumdyr. Eger men Hoş Habary wagyz etmesem, waý, meniň halyma!


Biziň ozal Filipide horluk çekendigimizi, kemsidilendigimizi hem bilýänsiňiz. Indi bolsa bärde-de garşylyga duçar bolduk. Emma muňa garamazdan, Hudaý Öz Hoş Habaryny size hem wagyz etmek üçin bize gujur-gaýrat berdi.


Şonuň üçin hem ähli pikirleriňizi bir ýere jemläp, hüşgär boluň. Isa Mesihiň gelmegi bilen özüňize beriljek merhemete uly umyt baglaň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ