Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 1:15 - Mukaddes Kitap

15 Ine, Men demirgazykdaky ähli milletleri çagyrýaryn, muny Men – Reb aýdýandyryn. Olaryň patyşalarynyň ählisi gelip, özleriniň tagtyny Iýerusalim derwezeleriniň girelgesinde, onuň daş-töweregindäki diwarlarynyň we Ýahudanyň ähli şäherleriniň garşysynda gurarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

15 Ине, Мен демиргазыкдакы әхли миллетлери чагырярын, муны Мен – Реб айдяндырын. Оларың патышаларының әхлиси гелип, өзлериниң тагтыны Иерусалим дервезелериниң гирелгесинде, онуң даш-төверегиндәки диварларының ве Яхуданың әхли шәхерлериниң гаршысында гурарлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 1:15
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Söweş arabalaryndan hyryn-dykyndyr gözel jülgeleriň, atlylar derwezelerde nyzama durdular.


Diňläň, bir habar gelýär! Ýahuda şäherlerini harabalyga, şagallar sürenine öwürmek üçin demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.


Gazabyňy dök Seni tanamaýan milletleriň, adyňy çagyrmaýan halklaryň üstünden. Çünki olar Ýakubyň neslini ýalmadylar, ony ýuwudyp, ýok etdiler, mekanyny weýran etdiler.


Başyňyzy galdyryp, demirgazykdan gelýänleri görüň. Saňa berlen süri, ajaýyp süriň nirede?


Eger olar eliňdäki käsäni alman, içmekden ýüz öwräýseler, olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Hökman içersiňiz!


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Reb şeýle diýýär: „Siz bu şäher weýran bolup, ynsansyz we haýwansyz çöl bolar diýdiňiz. Emma ilaty galman, ynsansyz we haýwansyz çolaran Ýahuda şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde ýene-de


Babyl patyşasy Nebukadnesar ähli goşuny, öz golastynda bolan bütin dünýädäki patyşalyklar we halklar bolup, Iýerusalim bilen onuň şäherleriniň garşysyna urşup ýörkäler, Ýermeýa Rebden şu söz geldi:


Men buýruk berip, babyllylary bu şähere gaýtaryp getirerin. Olar şähere garşy hüjüm edip, ony basyp alarlar we oda ýakarlar. Men Ýahuda şäherlerini ilatsyz harabaçylyga öwrerin“. Muny Reb aýdýandyr».


Babyl patyşasynyň ähli ýolbaşçylary içerik girip, Ortaky derwezede oturdylar. Olar: samgarly Nergal Şareser, köşk emeldary Nebosarsekim, baş geňeşçi Nergal Şareser we patyşanyň ähli beýleki ýolbaşçylarydy.


Milletlere yglan ediň, Iýerusalime jar ediň: «Ine, olar geldiler! Uzak ýurtdan gabawçylar gelip, Ýahuda şäherlerine garşy söweş nagralaryny çekerler.


Siona tarap ýoly görkezýän bir nyşan goýuň, gaçyp gutulyň, eglenmäň! Çünki Men demirgazykdan bela, äpet betbagtlyk indererin.


Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker.


Munuň üçin gahar-gazabym dökülip, Ýahudanyň şäherlerinde, Iýerusalim köçelerinde lowlady; olar edil bu günküsi ýaly weýran we haraba bolup ýatyrlar.


Müsür gyzlary uýada galar, demirgazyk halkynyň eline berler“.


«Eý, ysraýyl halky, siziň üstüňize uzak ýurtdan bir milleti çozdurjak. Ol güýçli hem gadymy milletdir. Sen ol milletiň dilini bilmersiň, näme aýdýanyna düşünmersiň. Muny Reb aýdýandyr.


Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar.


Men Iýerusalimi weýran edip, şagallar sürenine öwrerin. Ýahuda şäherlerini ilatsyz goýup, harabaçylyga öwrerin.


Ýahudanyň şäherlerinde gyzlaryň, Sionda gelinleriň namysyna degildi.


Ähli demirgazyk ýolbaşçylary we sidonlylar hem ol ýerdedi. Güýçli bolup howp salandyklaryna garamazdan, olar utanç içinde gylyçdan geçirilenler bilen birlikde aşak indiler. Olar gylyçdan geçirilen sünnetsizler bilen ýatyrlar we ölüler dünýäsine inýänler bilen birlikde utanja galdylar.


Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!


Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ