Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 1:14 - Mukaddes Kitap

14 Reb maňa şeýle diýdi: «Ýurduň ähli ilatynyň üstüne demirgazykdan betbagtlyk iner.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Реб маңа шейле дийди: «Юрдуң әхли илатының үстүне демиргазыкдан бетбагтлык инер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 1:14
17 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan titräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».


Men demirgazykdan birini öjükdirdim, ol gelýär, gündogardan adymy tutup çagyrýan biri. Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin hökümdarlary palçyk kimin depelär.


Diňläň, bir habar gelýär! Ýahuda şäherlerini harabalyga, şagallar sürenine öwürmek üçin demirgazyk ýurtdan uly gopgun gelýär.


Ysraýyl bilen ýahuda halky pislik etdi, olar Bagal butuna sadakalar hödür edip, Meniň gaharymy getirdiler. Şonuň üçin seni ekip oturdan Men Hökmürowan Reb başyňdan betbagtlyk indermegi karar etdim“».


Men-de bütin demirgazyk tireleri bilen Babyl patyşasy bolan bendäm Nebukadnesary çagyraryn. Muny Reb aýdýandyr. Olary bu ýurduň, onuň ilatynyň, daş-töwerekdäki ähli milletleriň üstüne alyp gelerin. Bu halklary bütinleý ýok edip, bu ýurdy howpa, ryswaçylyga we ebedilik harabaçylyga öwrerin.


Ine, Men olary demirgazyk ýurdundan getirerin, dünýäniň aňry uçlaryndan ýygnaryn; olaryň arasynda kör, agsak, göwreli we çaga dogurýan hem bolar; olar uly mähelle bolup bu ýere dolanar.


Siona tarap ýoly görkezýän bir nyşan goýuň, gaçyp gutulyň, eglenmäň! Çünki Men demirgazykdan bela, äpet betbagtlyk indererin.


Müsür bir enaýyja göle bolsa-da, demirgazykdan oňa gögeýin çozar.


«Reb şeýle diýýär: „Demirgazykdan suwlar joşup, derýa kimin dolup-daşar-da, ýurdy we ondaky ähli zatlary, şäheri hem ýaşaýjylaryny basar. Adamlar dady-perýat ederler, ýurduň bütin halky ahy-nala çeker.


Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň aňry ujundan bir beýik millet, köp patyşalar aýaga galýar.


Demirgazyk ýurdundan beýik milletler toplumyny Men Babylyň garşysyna örüzerin, olar oňa garşy nyzama durarlar, şol ýerde ony ele salarlar. Oklary mergen ýigidiň oky kimin bolar, hiç biri boş geçmez.


«Eý, benýamin halky, janyňyzy halas etmek üçin Iýerusalimden gaçyň! Tekowada surnaý çalyň, Beýthakeremde bir nyşan dikiň, çünki demirgazykdan bir betbagtlyk, äpet weýrançylyk ýetip gelýär.


Reb şeýle diýýär: «Ine, demirgazyk ýurtdan bir halk gelýär, ýeriň ujundan bir beýik millet aýaga galýar.


Men demirgazykdan tupanly şemalyň gelýänini gördüm. Şöhleli, üznüksiz ot saçýan äpet bulut gelýärdi, oduň ortasynda ýakuda meňzeş bir zat ýalpyldaýardy.


Pitneçi halka bir tymsal aýdyp, Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Gazan atar, gazan atar-da, içine suw guý.


Men demirgazyk leşgerini sizden uzaklaşdyryp, äkiderin ony suwsuz boş ýere, gündogar deňzine – onuň öňüni, günbatar deňzine – onuň ardyny. Göteriler göge maslyk yslary, elhepus, ol etdi beýik işleri!


Gara atlara goşulan araba ýurduň demirgazygyna, ak atlara goşulan araba olaryň yzyndan gidýär, gyr atlara goşulan araba bolsa günorta gidýär» diýdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ