Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 1:11 - Mukaddes Kitap

11 Maňa Rebbiň şu sözi aýan boldy: «Ýermeýa, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Badam agajynyň şahasyny görýärin» diýdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Маңа Реббиң шу сөзи аян болды: «Ермея, сен нәме гөрйәрсиң?» дийип сорады. Мен: «Бадам агаҗының шахасыны гөрйәрин» дийдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 1:11
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ýakup derek, badam hem-de çynar agaçlarynyň öl çybyklaryny alyp, olaryň gabygyny ýol-ýol aýranda ak zolaklar peýda boldy.


Meniň agzymdan çykýan sözüm-de şeýle bolar; Ol Maňa boş gaýdyp gelmez, maksadymy ýerine ýetirer, etsin diýip iberen işimde üstünlikli bolar» Reb diýýär.


Onsoň Reb menden: «Ýermeýa, näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Injir. Gowulary gaty gowy, erbetleri bolsa gaty erbet, çüýrükliginden ýaňa olary iýer ýaly däl» diýdim.


Muny Reb bolan Men aýdýandyryn we Meniň aýdan zatlarym amala-da aşar. Eý, pitneçi halk, indi bu gaýra goýulmaz, Men sözi aýdaryn we ony amala aşyraryn». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Munuň üçin olara Hökmürowan Rebbiň sözüni ýetir: „Meniň sözlerimiň hiç biri indi gaýra goýulmaz, näme aýtsam, şol söz amala aşar“». Muny Hökmürowan Reb aýdýandyr.


Ine, ol gün! Ine, ol gün ýetip gelýär! Nobatyňyz ýetdi, taýak gunçalady, tekepbirlik gülledi.


Onsoň Reb menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir şugul görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb şeýle diýdi: «Ine, halkym Ysraýylyň ortasynda-da, Men bir şugul guralyny goýýaryn. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.


Ol menden: «Amos, sen näme görýärsiň?» diýip sorady. Men: «Bir sebet ýetişen miwäni görýärin» diýip jogap berdim. Onsoň Reb maňa şeýle diýdi: «Meniň halkym Ysraýylyň soňy ýetip geldi. Mundan beýläk olary bagyşlamaryn.


Ol menden: «Näme görýäň?» diýip sorady. Men: «Guýma altyndan edilen çyradany görýärin; onuň depesinde ýag gaby, üstünde ýedi çyra, ýedi çyranyň her biriniň ýedi turbajygy bar.


Perişde maňa: «Näme görýäň?» diýdi. Men: «Bir kagyz-a uçup ýör; onuň boýy ýigrimi tirsek, ini on tirsek» diýip jogap berdim.


Ertesi gün Musa äht çadyryna girdi, görse, ine, lewi tiresiniň beren, Harunyň ady ýazylan hasasy, hakykatdanam, gögeren eken. Onda pyntyklar, güller we ýetişen badamlar bardy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ