Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýermeýa 1:1 - Mukaddes Kitap

1 Bular benýamin topragyndaky Anatot obasynda ýaşaýan ruhanylaryň biri bolan Hilkiýanyň ogly Ýermeýanyň sözleridir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Булар бенямин топрагындакы Анатот обасында яшаян руханыларың бири болан Хилкияның оглы Ермеяның сөзлеридир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýermeýa 1:1
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Patyşa Abýatar ruhana şeýle diýdi: «Bar, öz Anatotdaky ýeriňe git, çünki sen ýaşamaga mynasyp dälsiň. Emma men seni şu wagt öldürjek däl, çünki sen kakam Dawudyň öňünde Hökmürowan Rebbiň sandygyny göterdiň, sen kakamyň ähli muşakgatlyklaryny deň çekişdiň».


Benýamin tiresiniň topragyndan hem öri meýdanlary bilen bilelikde Geba, öri meýdanlary bilen bilelikde Alemet hem-de öri meýdanlary bilen bilelikde Anatot berildi. Olaryň ähli galalary nesilleriniň sanyna görä on üçdür.


Ýermeýa Ýoşyýa üçin agy aýdymyny düzdi. Erkekdir aýal aýdymçylar öz agy aýdymlarynda şu güne çenli hem Ýoşyýa barada gürrüň edip, olary Ysraýylda adata öwürdiler. Olar agy kitabynda ýazylandyr.


Sidkiýa Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi. Ol Rebbiň adyndan geplän Ýermeýa pygamberiň öňünde özüni kiçeltmedi.


Şeýdip, Rebbiň Ýermeýanyň üsti bilen aýdan sözi amala aşdy. Ýurt weýrançylykda bolan günleriniň dowamynda doly ýetmiş ýyllap dynçlykda boldy.


Pars patyşasy Kureşiň patyşalygynyň birinji ýylynda Ýermeýa arkaly aýan edilen Rebbiň sözüniň amala aşmagy üçin, Reb Kureş patyşanyň şeýle perman çykaryp, ony tutuş patyşalygyna jar etmegi onuň kalbyna saldy:


Anatodyň halky bir ýüz ýigrimi sekiz adam;


Ýahuda patyşalary Uzyýanyň, Ýotamyň, Ahazyň we Hizkiýanyň döwründe Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Bar sesiňe gygyr, eý, Gallym gyzy! Gulak goý, eý, Laýşa! Eý, görgüli Anatot!


Amozyň ogly Işaýanyň Ýahuda we Iýerusalim babatda gören görnüşleri.


Şonuň üçin hem seniň janyňyň kastyna çykyp: «Sen Rebbiň adyndan pygamberlik etmeli dälsiň, ýogsam biziň elimizden ölersiň» diýýän anatot halky hakynda Hökmürowan Reb şeýle diýýändir.


Onda näme üçin size pygamberlik edýän anatotly Ýermeýa çäre görmeýärsiňiz?


Ýermeýa benýamin topragyna baryp, halkyň arasynda öz paýyna düşen mülküni almak üçin Iýerusalimden gitmek isledi.


babyllylaryň ýurdundaky Kebar kanalynyň ýakasynda Buzynyň ogly Ezekiýel ruhana Rebbiň sözi aýan boldy. Ol ýerde Rebbiň eli onuň üstündedi.


Onuň şalygynyň birinji ýylynda men Danyýel Mukaddes Ýazgylara ser saldym. Men olardan Rebbiň Ýermeýa pygambere iberen sözüne görä, Iýerusalimiň ýetmiş ýyllap harabaçylyga öwrülip ýatjakdygyna düşündim.


Tekowaly çopanlaryň biri bolan Amosyň sözleri. Ysraýyl hakyndaky bu sözler Amosa ýertitremeden iki ýyl öň görnüş arkaly aýan bolupdy. Şol günlerde Ýahudada Uzyýa patyşa, Ysraýylda Ýehowaşyň ogly Ýarobgam patyşa höküm sürýärdi.


Onsoň Beýteldäki Amazýa ruhany Ysraýylyň patyşasy Ýarobgama şeýle habar ýollady: «Amos ysraýyl halkynyň arasynda saňa garşy dildüwşük gurady. Ýurt onuň munça sözlerini göterip bilmez.


Şägirtleri Oňa: «Käbirleri Ýahýa çümdüriji, käbirleri Ylýas, başga birleri Ýermeýa, käbirleri-de pygamberlerden biri diýýärler» diýip jogap berdiler.


Şeýdip, Ýermeýa pygamberiň şu aýdanlary berjaý boldy:


Şonda Ýermeýa pygamber arkaly aýdylan şu söz berjaý boldy: «Rebbiň maňa buýruşy ýaly, ysraýyl halkynyň Oňa kesen nyrhyny – otuz kümüş teňňesini alyp, küýzegäriň ýerini satyn aldylar».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ