8 Siz hem sabyr-takatly boluň! Mert boluň, sebäbi Rebbiň geljek güni golaýlady.
8 Сиз хем сабыр-такатлы болуң! Мерт болуң, себәби Реббиң гелҗек гүни голайлады.
Halas etmegiňe garaşýandyryn men, ýa Reb!
Iki bükülip, ýere ýazyldym, men uzakly gün ýas tutup gezýän.
Wagt geldi, ol gün golaýlaşdy; müşderi şatlanmasyn, satyjy ýas tutmasyn, çünki gazap ähli jemagatyň üstünden inýär.
Emma men gözlerimi Rebbe dikerin, Halasgär Hudaýyma bil baglaryn. Maňa gulak asar Hudaýym.
Aýanlyk bellenen wagt üçindir, ol soňky günleriňiz hakda aýdýar, bu ýalan däl. Haýal bolsa-da, sen oňa garaş, ol wagt hökman geler, eglenmez.
Berk duruň, şonda janyňyzy halas edersiňiz.
Isa oňa: «Özüm dolanyp gelýänçäm, onuň diri galmagyny isleýän bolsam, saňa näme? Sen Meniň yzyma düş» diýip jogap berdi.
Biz görmeýän zadymyza umyt baglap, şoňa sabyrlylyk bilen garaşýandyrys.
Mukaddes Ruhuň miweleri bolsa şulardyr: söýgi, şatlyk, parahatlyk, sabyrlylyk, mähribanlyk, ýagşylyk, sadyklyk,
Goý, ýumşaklygyňyz hemmelere belli bolsun. Reb ýakyndyr.
Biziň umydymyz we şatlygymyz kimdir? Rebbimiz Isa gelende Onuň öňünde guwanjak täjimiz kimdir? Siz dälmisiňiz? Elbetde sizsiňiz!
Rebbimiz Isa Öz ähli perişdeleri bilen bile gelende, Atamyz Hudaýyň öňünde aýypsyz we mukaddes bolup bileriňiz ýaly, goý, Ol ýürekleriňizi kuwwatlandyrsyn.
Goý, Reb ýürekleriňizi Hudaýy söýmäge we Mesihe sadyk bolmaga gönükdirsin.
Altyndyr kümşüňiz poslandyr, olaryň posy siziň garşyňyza şaýatlyk edip, bedeniňizi ot kimin iýer. Siz ahyrky günlerde baýlyk topladyňyz.
Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur!
Ähli zatlaryň soňy ýakyn geldi. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen dileg ediň.
Bu wakalaryň Şaýady: «Hawa, Men tiz bararyn!» diýýär. Omyn! Ýa Rebbimiz Isa, gel!