Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 5:5 - Mukaddes Kitap

5 Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

5 Сиз бу дүнйәде болчулыкда ве кейпи-сапада яшадыңыз, өзүңизи кыямат гүни союлмак үчин семретдиңиз.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 5:5
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.


Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler.


Rahatlykdaky bir döwüm gury nan dawadan doly jaýdaky meýlisden gowudyr.


«Men şu gün wadamy ýerine ýetirdim, salamatlyk gurbanlygyny berdim.


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


Emma siz öküz, goýun öldürip, et iýip, şerap içip, şatlanýarsyňyz, begenýärsiňiz. «Geliň, iýeliň, içeliň, ertir biz öleris» diýýärsiňiz.


Reb şeýle diýýär: «Sion gyzlary tekepbirdirler, tumşuklaryny göge tutup ýöreýärler, näzirgeşip seredýärler, näz-kereşme bilen ädim ädip, aýak halkalaryny şyňňyrdadýarlar.


Eý, eşreti söýýän, howpsuzlykda ýaşap, içinden: «Diňe men, menden başga ýok, dul oturmaryn, perzent ýitgisini görmerin» diýýän sen muňa gulak goý indi!


Olar: «Geliň, şerap getireliň! Çakyrdan julk doýalyň. Ertirimizem şu gün ýaly bolar, hatda mundanam has gowy bolar» diýýärler.


Meni bolsa, ýa Reb, Sen tanaýarsyň, meni görýärsiň, Özüň hakdaky pikirlerimi synaýarsyň. Olary soýulmaly goýun kimin çykar-da, soýuljak güni üçin taýýarla.


Möňňüriň, eý, çopanlar! Dady-perýat ediň! Eý, süriniň baştutanlary, küle togalanyň! Çünki geldi öldüriljek, dargadyljak günüňiz, ýykylyp parçalanarsyňyz gymmatly gap kimin.


Ine, seniň uýaň Sodomyň etmişi şudy: onuň özi-de, gyzlary-da tekepbirdiler, olarda bol nan we doly rahatlyk bardy, emma olar garyby we mätäji goldamady.


Eý, ynsan ogly, Hökmürowan Reb her hili guşlara we ähli ýyrtyjy haýwanlara şeýle diýýär diý: «Üýşüň-de, geliň; siziň üçin kesjek gurbanlygyma, Ysraýyl daglarynyň üstündäki uly gurbanlyga dumly-duşdan ýygnanyň, et iýersiňiz, gan içersiňiz.


Dat günüňize, eý, Sionda asuda ýaşaýanlar, Samariýa dagynda howpsuz oturanlar, ysraýyl halkynyň ýüz tutmaga barýan iň beýik milletiň meşhur adamlary!


«Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Keýpi-sapalyk, serhoşlyk, zynahorlyk, azgynlyk, göriplik, dawa-jenjel etmän, gündize ýaraşýan tärde edepli ýaşalyň.


Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir.


haýyn, göçgünli, gopbamsy bolup, keýpi-sapany Hudaýdan köp söýerler.


Olar öz eden ýamanlyklaryna laýyk jezasyny alarlar. Olar gündiziň güni keýp çekmekden hyjuwlanýarlar. Bular masgara hem ýüzügaradyrlar. Siziň bilen nahar iýýän wagty hem olar özleriniň hilegärliklerinden keýp alýarlar.


Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.


Ol näçe şöhratlanyp, aýşy-eşret çeken bolsa, şonça-da jebir, gam-gussa beriň oňa! Çünki ol öz ýüreginde şeýle diýýär: „Men melike kimin otyryn, dul däldirin, asla ýas tutmaryn“.


Abygaýyl Nabalyň ýanyna gaýdyp geldi. Ol öýünde şalarça meýlis gurap otyrdy. Ol çendenaşa serhoşdy, keýpi diýseň çagdy. Şoňa görä, daň atýança Abygaýyl oňa dil ýarmady.


we şeýle diýiň: „Özüňiň, maşgalaňyň we ähliňiziň başyňyz abat bolsun!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ