Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 5:13 - Mukaddes Kitap

13 Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Араңызда бири эҗир чекйәрми? Гой, ол Худая дога этсин. Бириниң кейпи көкми? Худая алкыш нагмаларыны айтсын.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 5:13
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Oňa nagma aýdyň, Ony şöhratlandyryň, ähli gudratly işleri barada siz gürrüň beriň.


Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär, ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär, Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär.


Rebbiň beýik işlerini beýan edip biljek barmyka? Oňa laýyk şan-şöhrat aýdyp biljek barmyka?


Parzlaryňy berjaý ederim ýaly, hernä üýtgemesedi meniň ýollarym.


Gün gelin jaýdan giýew dek çykýar, ylgamakçy bolýan ýüwrük kimin şatlanýar.


Şonda Seniň ýollaryňy bitabynlara öwrederin men, günäkärler hem Saňa öwrüler.


Olar garrasa-da, miwe getirýärler, elmydama şireli hem-de ýaşyldyr.


Rebbe nagma aýdyň, Onuň adyna alkyşlar okaň, halas edýändigini günsaýyn buşlaň.


Bendelerim ýürek şatlygyndan aýdym aýdarlar, ýöne siz ýürek derdinden perýat edersiňiz, hasratly ruh bilen perýat edersiňiz.


Olar şerap içip, altyndan, kümüşden, bürünçden, demirden, agaçdan we daşdan ýasalan hudaýlary alkyşladylar.


«Geliň, Rebbe dolanalyň. Ol bizi parçalady. Özi şypa berer. Bizi ýaralady. Indi ýaramyzy daňar.


Soňra Ýunus balygyň garnyndan öz Hudaýy Rebbe ýüzlenip, şeýle doga okady: «Jebir çekenimde, ýa Reb, çagyrdym Seni. Jogap berdiň maňa. Ölüler diýarynyň goýnundan çagyrdym Seni, eşitdiň Sen nalamy.


Indim daglaryň düýbüne. Gapylary baky ýapylýan ýere düşdüm. Ýöne, eý, Hudaýym Reb, janymy çuňlukdan halas etdiň.


Bütin halklar öz hudaýlarynyň yzyna eýererler, emma biz ömürlik Hudaýymyz Rebbiň yzyna eýereris.


Olar Hudaýa öwgi senalaryny aýdanlaryndan soň, Zeýtun dagyna çykdylar.


Ol agyr gama batyp, yhlas bilen Hudaýa dileg etdi. Isadan akýan der ýere damýan gan damjalary ýalydy.


Onsoň ol: «Isa, Şalygyňa baran çagyň meni ýatlagyn!» diýdi.


Näme etmeli? Men ruhum bilen doga-dileg etsem, muny aňymda-da etjek. Men ruhum bilen nagma aýtsam, muny aňymda-da aýtjak.


Eý, doganlar, mundan nähili netije çykarsa bolar? Siz bir ýere üýşeniňizde, her biriňizde nagma, öwüt sözi, aýanlyk, nämälim dillerde gürlemek ýa-da ony manylandyrmak bardyr. Goý, bularyň bary ýygnagy berkitmek üçin ulanylsyn.


Bilelikde mezmurlar, öwgüli we ruhy aýdymlar aýdyň; Rebbe tüýs ýürekden sazlar çalyp, nagmalar aýdyň.


Mesih bu dünýäde ýaşan wagtynda gözýaş döküp, Özüni ölümden halas etmegi başarýan Hudaýa doga-dilegler hem ýalbaryşlar bilen perýat etdi. Ol Hudaýdan heder edendigi üçin, Onuň haýyşy hasyl boldy.


Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň.


Ýaňky bir ýüz kyrk dört müň adam tagtyň öňünde, dört mahlugyň we ýaşulularyň öňünde täze aýdym aýdýardylar. Tutuş adamzadyň arasyndan azat edilen bu bir ýüz kyrk dört müň adamdan başga hiç kim bu aýdymy öwrenip bilmeýärdi.


Olar batly ses bilen gygyryp: «Tagtda oturan Hudaýymyz we Guzy biziň Halasgärimizdir» diýýärdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ