Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 5:10 - Mukaddes Kitap

10 Eý, doganlar, başyna düşen ejirlerde sabyr-takatly bolup, Rebbiň adyndan geplän pygamberlerden görelde alyň.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

10 Эй, доганлар, башына дүшен эҗирлерде сабыр-такатлы болуп, Реббиң адындан геплән пыгамберлерден гөрелде алың.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 5:10
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Emma olar Hudaýyň çaparlaryny masgaralap, Hudaýyň sözlerini äsgermezlik etdiler, Onuň pygamberlerini kemsitdiler. Onsoň Rebbiň Öz halkyna garşy gazaby şeýle bir lowlady welin, ondan gutular ýaly bolmady.


Onsoň Hizkiýa Işaýa pygambere: «Rebbiň seniň üstüň bilen aýdan sözi ýagşy sözdür» diýdi. Hizkiýa: «Meniň döwrümde asudalyk we howpsuzlyk bolar» diýip pikir edýärdi.


Perzentleriňize nähak temmi beren ekenim, barybir olar ýola gelmediler. Öz gylyjyňyz ýyrtyjy arslan deý pygamberleriňizi ýuwutdy.


Emma olar maslahatymy alsadylar, halkyma sözlerimi eşitdirerdiler, şonda halky ýaman ýollaryndan, şer işlerinden gaýtarardylar.


Onsoň ýolbaşçylar bilen ähli halk ruhanylara: «Bu adam bize Hudaýymyz Rebbiň adyndan gepländigi üçin, ol ölüme höküm edilmeli däldir» diýdiler.


Eý, Iýerusalim! Pygamberleri öldürýän, özüne ýollananlary daşlaýan Iýerusalim! Towugyň öz jüýjelerini ganatlarynyň aşagyna ýygnaýşy ýaly, Men hem ençeme gezek seniň çagalaryňy ýygnajak boldum, emma siz muny islemediňiz!


Şol gün şatlanyň, begençden bökjekläň, sebäbi göklerde aljak sylagyňyz uludyr. Olaryň ata-babalary-da pygamberlere şeýle daradylar.


Hudaýyň Öz mukaddes pygamberleri arkaly owaldan söz berşi ýaly, ähli zady dikeltmegiň wagty geler. Emma şol wagt gelýänçä, Isanyň gökde galmagy gerek.


Ata-babalaryňyzyň, heý, azar bermedik pygamberi barmy? Olar hatda Dogry Bolanyň geljegini öňünden pygamberlik edip aýdanlary-da öldürdiler. Siz bolsa bu dogry Ynsana haýynlyk edip ganyna galdyňyz.


Hudaýyň sözüni size ýetiren ýolbaşçylaryňyzy ýada salyň. Olaryň nähili gowy durmuşda ýaşap geçendigi barada pikir ediň. Olaryň sadyklygyndan görelde alyň.


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.


Eý, doganlar, Reb gelýänçä, sabyr-takatly boluň! Serediň, daýhan güýzki hem ýazky ýagşa nähili sabyrly garaşýar. Ol topragyň bol hasyl bererine garaşýar.


Eý, doganlar, özüňize höküm edilmez ýaly, biri-biriňiziň garşyňyza şikaýat etmäň. Ine, Kazy bosagada dur!


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ