10 Rebbiň huzurynda özüňizi pes tutuň, Ol sizi beýgelder.
10 Реббиң хузурында өзүңизи пес тутуң, Ол сизи бейгелдер.
Beýlekiler kemsidilende: „Ýeriňden gal“ diýýäň, çünki Hudaý pes göwünlileri halas edýär.
Ol kemsidilenleri arşa çykarýar, gussalylar howpdan dynýar.
Gaýany suw howzuna öwürýän, çakmak daşy suw gözbaşyna öwürýän Rebbiň öňünde, Ýakup Hudaýynyň öňünde titre, ýer ýüzi!
Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?
Rebbe alkyş bolsun! Ol eşitdi perýadymyň sesini.
Rebbiň sesi keýikleri guzladýar, tokaýlary ýalaňaçlaýar; Onuň ybadathanasynda hemmeler «Hudaýa şöhrat!» diýýär.
Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury.
Şeýlelikde, Musa bilen Harun faraonyň ýanyna baryp, oňa şuny aýtdylar: «Ýewreýleriň Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Meniň öňümde haçana çenli pespällikden boýun towlajak? Meniň halkymy goýber, goý, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.
Adamyň tekepbirligi ony peseldýändir, pesgöwünli adam bolsa hormat gazanýandyr.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Selläňi aýyr, täjiňi çykar. Indi bu beýle bolmaz. Pes bolan beýgeler, beýik bolan peseler.
Kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler.
Hökümdarlary tagtyndan düşürip, pespäl adamlary beýgeltdi.
Özüni ýokary tutýan adam peseldiler, pes tutýan bolsa beýgeldiler».
Men size fariseýiň däl-de, salgytçynyň aklanyp gidendigini aýdýaryn, sebäbi kim özüni ýokary tutsa, peseldiler, kim özüni pes tutsa, beýgeldiler».
Hudaý sizi wagty gelende beýgelder ýaly, Onuň gudratly goly astynda özüňizi pes tutuň.
Gedaý goýýanam, baýadýanam Rebdir, peseldýänem, beýgeldýänem Rebdir.
Wepadarlaryny Öz penasynda saklar Ol. Emma betniýetleri zulmatda ýitirim eder. Çünki adam öz güýji bilen mäkäm däl.