Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 2:6 - Mukaddes Kitap

6 Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

6 Эмма сиз гарыплары масгара эдйәрсиңиз. Ёгсам сизе сүтем эдйән байлар дәлми? Сизи казыете сүйрейән хем шолар дәлми?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 2:6
38 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Çünki pukaralary ezip, olardan ýüz öwürdiler, öz gurmadyk öýlerini eýelediler.


Ine, gör, erbetler ýaýyny gurýar, peýkamyny ýaýyň kirşine goýýar, dogry ýüreklileri garaňkyda nyşana alýar.


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Ejizi ezýän ony Ýaradany ynjadýandyr, mätäje merhemet edýän Ýaradany hormatlaýandyr.


Garyby ýaňsylaýan Ýaradany kemsidýändir, betbagtlyga şatlanýan bolsa jezasyz galmaz.


Garyp ýalbaryp gepleýändir, baý bolsa gödek jogap berýändir.


Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.


Baýlar garyplaryň üstünden höküm sürýändir, bergili-de karz bereniň guludyr.


Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.


Ol äsgerilmedi, ynsanlar ony ret etdi, ol derdi, hassalygy bilýän adamdy; adamlar ondan ýüzlerini öwürdiler, ol äsgerilmedi, hiç zatça-da görmedik ony biz.


Eý, Samariýa dagyndaky Başanyň mal heleýleri! Siz pukaralara sütem edip, mätäçleri ezýänler, ärleriňize: «Içmäge bir zat getir» diýýänler! Bu sözlere gulak salyň.


Garybyň elinden bugdaý hem saman hakyny zorluk bilen alanyňyz üçin, daşdan ýonulan jaýlar gursaňyz-da, siz olarda ýaşamarsyňyz, gözel üzüm baglaryny oturtsaňyz-da, olaryň şerabyny içmersiňiz.


Esgerleri tüweleý dek bizi dargatmaga gelende, olaryň başyny baştutanyň naýzalary bilen deşdiň. Gizlenen pukaralary ýuwutmak olara hoş ýakýar.


dul aýala, ýetime, gelmişege ýa-da garyp-gasara sütem etmäň; biri-biriňize garşy pislik etmäň.


Isa olara jogap berip: «Meni jyn uranok! Men Atamy hormatlaýaryn, emma siz Meni hormatlamaýarsyňyz.


Emma ýahudylar şäheriň ýokary mertebeli hudaýhon aýallaryny we at-abraýly erkeklerini Pawlus bilen Barnabyň garşysyna öjükdirdiler. Şeýlelikde, olary yzarlap, öz ýurtlaryndan kowup çykardylar.


Emma olary tapyp bilmänsoňlar, Ýason bilen birnäçe doganlary şäher ýolbaşçylarynyň öňüne süýräp getirip: «Bu adamlar bütin dünýäde bulagaýlyk döredip, biziň şäherimize hem geldiler.


Ahaýa welaýatynyň häkimi Galiýonyň döwründe ýahudylar birleşip, Pawlusa garşy çykdylar we ony kazyýete getirdiler.


Şawul bolsa ýygnagy dargatmaga başlady. Ol öýme-öý aýlanyp, aýal-erkek diýmän, imanlylary süýräp, zyndana dykýardy.


Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok!


Siz baý adama hormat goýup: «Geliň, töre geçiň» diýseňiz, emma garyba: «Sen ol ýerde dur» ýa-da «Bu ýerde, aýak astynda otur» diýseňiz,


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Özüňize garşy çykmasa-da, bigünä adamy höküm edip öldürdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ