Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 2:25 - Mukaddes Kitap

25 Edil şunuň ýaly, loly Rahap hem eden işi arkaly aklandy. Ol ysraýyl içalylaryny öýünde gizläp, olara başga ýoldan gaçyp gitmäge kömek etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

25 Эдил шунуң ялы, лолы Рахап хем эден иши аркалы акланды. Ол ысрайыл ичалыларыны өйүнде гизләп, олара башга ёлдан гачып гитмәге көмек этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 2:25
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Salmondan Bowaz dünýä indi, onuň ejesi Rahapdy. Bowazdan Obet dünýä indi, onuň ejesi Rutdy. Obet Ýyşaýyň kakasydy.


Bularyň ikisinden haýsysy kakasynyň islegini ýerine ýetirdi?» Olar: «Birinjisi» diýip jogap berdiler. Isa olara: «Size dogrusyny aýdýaryn, salgytçylar we lolular Hudaýyň Şalygyna sizden öň girerler.


Ýason olara öýünden jaý berdi. Olaryň hemmesi Isa diýen patyşa bar diýip, imperatoryň permanlaryna garşy çykýarlar» diýip gygyrdylar.


Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi.


Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin. Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!


Seret, onuň imany bilen amallary birlikde hereket etdi we imany şu amalda kämil boldy.


Gördüňmi, ynsan diňe bir iman bilen däl, eýsem, eden işleri arkaly hem aklanýandyr.


Şeýlelikde, Nunuň ogly Ýeşuwa Şitimden iki ýaş ýigidi gizlinlikde içalylyk etmäge iberip: «Baryň, ol ýurdy we Ýeriho galasyny gözden geçirip geliň» diýdi. Olar gidip, loluçylyk bilen gününi görýän Rahap atly aýalyň öýünde düşlediler we gijäni geçirmek üçin ol ýerde galdylar.


Ol aýalyň öýi galanyň diwarynda ýerleşýärdi. Rahap penjireden tanap sallap, ol adamlary aşak düşürdi.


Onsoň Rahap olara: «Kowguçylara duşmazyňyz ýaly daglyga tarap gidiň we olar yzyna dolanyp gelýänçäler, üç günläp ol ýerde gizleniň, soňra öz ýoluňyz bilen gidiberiň» diýdi.


Emma bu aýal ol iki adamy öz öýünde gizläp, hanyň iberen adamlaryna: «Dogrudan-da, meniňkä adamlar geldiler, ýöne olaryň niredendiklerinden meniň habarym ýok.


Emma Rahap ol adamlary üçegiň ýokarsyna çykaryp, ol ýerdäki zygyr üýşmeginiň arasynda gizläpdi.


Bütinleý ýok edilmeli zatlardan daşda duruň. Göz gyzdyryp, ol zatlardan ýekejesini alsaňyz-da, siz Ysraýyl düşelgesine weýrançylyk we betbagtçylyk getirersiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ