Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 2:21 - Mukaddes Kitap

21 Atamyz Ybraýym gurbanlyk sypasynda öz ogly Yshagy hödürlemek bilen aklanmadymy eýsem?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

21 Атамыз Ыбрайым гурбанлык сыпасында өз оглы Ысхагы хөдүрлемек билен акланмадымы эйсем?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 2:21
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol meniň sadyk söýgimdir, meniň galam, berkitmäm, Halasgärimdir, meniň galkanym, Penakärimdir. Ol halklary maňa tabyn edýändir.


Ataňyz Ybraýyma, özüňizi dogran Sara nazar aýlaň; Ybraýymy çagyranymda, ol ýekedi, emma Men ony ýalkadym, köpeltdim».


Siz öz sözüňiz bilen aklanyp, öz sözüňiz bilen höküm edilersiňiz».


Öz-özüňize: „Biziň atamyz Ybraýymdyr“ diýip oýlamaň. Men size şuny aýdaýyn: Hudaý Ybraýym üçin şu daşlardan hem perzent ýaradyp bilýändir!


Atamyz Ybraýyma ant içip, şeýle söz berdi:


Şonda ol gygyryp: „Eý, Ybraýym ata, maňa rehim et! Lazary iber, barmagynyň ujuny suwa batyryp, meniň dilimi sowatsyn, sebäbi bu oduň içinde men ejir çekýärin“ diýýär.


Ol hem: „Ýok, eý, Ybraýym ata! Olar diňe ölülerden biri ýanlaryna baranda toba ederler“ diýýär.


Olar Oňa: «Biziň atamyz Ybraýymdyr» diýdiler. Isa olara: «Siz Ybraýymyň perzentleri bolýan bolsaňyz, Ybraýymyň işlerini ederdiňiz.


Eýsem, Sen atamyz Ybraýymdan hem beýikmi? Ol-da, pygamberler-de öldi. Sen Özüňi kimdirin öýdýärsiň?» diýdiler.


Stefan şeýle jogap berdi: «Eý, doganlar we atalar! Meniň sözlerime gulak asyň. Atamyz Ybraýym Haranda mesgen tutmanka, heniz Mesopotamiýadaka oňa şöhratly Hudaý göründi.


Şeýlelikde, Musanyň Kanunynyň parzlaryny berjaý etmek arkaly Hudaýyň huzurynda hiç kim aklanyp bilmez. Tersine, bu Kanun arkaly adam özüniň günälidigine göz ýetirýär.


Ýokarda aýdylanlary nazara alyp, atamyz Ybraýym babatda näme aýdyp bileris?


Şeýle-de, atamyz Ybraýym sünnetlileriň hem atasydyr. Ýöne şeýle sünnetlileriň imany Ybraýymyň sünnetlenmeden ozal iman edişi ýaly bolmalydyr.


Şoňa görä-de, berlen wadany iman arkaly alyp bolýandyr. Wada merhemetli peşgeş bolup, Ybraýymyň tutuş nesline – diňe Musanyň Kanunyna eýe bolanlara däl, eýsem Ybraýym ýaly iman edýänleriň baryna degişlidir. Mukaddes Ýazgyda Hudaýyň Ybraýyma: «Seni köp milletleriň atasy etdim» diýşi ýaly, Ybraýym Hudaýyň nazarynda ählimiziň atamyzdyr. Sebäbi ol merhumlary direldýän we ozal bolmadyk zatlary bar edýän Hudaýa iman etdi.


Hudaý Ybraýymy synanda, Ybraýym iman arkaly Yshagy gurbanlyk hökmünde hödürledi. Hudaý oňa: «Seniň adyň Yshagyň nesli arkaly dowam eder» diýip wada beren hem bolsa, Ybraýym şol ýalňyz ogluny gurbanlyk etmäge taýýardy.


Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin. Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!


Gördüňmi, ynsan diňe bir iman bilen däl, eýsem, eden işleri arkaly hem aklanýandyr.


Emma Men ataňyz Ybraýymy Ýewfrat derýasynyň boýundan äkidip, tutuş Kenganyň ýerini berdim we onuň neberelerini köpeltdim. Men oňa Yshak diýen bir ogul berdim.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ