Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 2:18 - Mukaddes Kitap

18 Käbiriniň: «Seniň imanyň bar, meniň bolsa oňat işlerim» diýmegi mümkin. Emma men aýdýaryn, hany, oňat işler etmezden maňa imanyňy görkez, men hem saňa imanymy oňat işlerim arkaly görkezeýin!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

18 Кәбириниң: «Сениң иманың бар, мениң болса оңат ишлерим» диймеги мүмкин. Эмма мен айдярын, ханы, оңат ишлер этмезден маңа иманыңы гөркез, мен хем саңа иманымы оңат ишлерим аркалы гөркезейин!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 2:18
20 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Iýip-de, öz iýýäni barada şübhelenýän adam eýýäm höküm edilendir, sebäbi ol öz imanyna görä hereket edýän däldir. Imana görä edilmedik zat günädir.


Biz adamyň Kanuny berjaý etmek arkaly däl-de, iman arkaly aklanýandygyny nygtaýarys.


Ine, ýagşy işleri etmese-de, Hudaý tarapyndan aklanan adamy Dawut hem bagtyýar saýyp, şeýle diýýär:


Şeýlelikde, Isa Mesihe degişli bolanlar indi asla höküm edilmez.


Onda menden: «Eger şeýle bolsa, onda näme üçin Hudaý adamlary ýazgarýar? Onuň islegine garşy çykyp biljek barmy?» diýip soramagyň mümkin.


Eger pygamberlik peşgeşim bolup-da, ähli syrlary we ylymlary bilip-de, daglary süýşürjek güýçli imanym bolup-da, söýgim bolmasa, men hiçdirin.


Şoňa görä-de, kim Isa Mesihe degişli bolsa, ol täze ýaradylyşdyr. Könesi geçip gitdi, indi täzesi geldi!


Eý, söýgüli doganlarym, Hudaý bize, ine, şeýle wadalary beripdir! Şonuň üçin-de, geliň, bedenimizi we ruhumyzy murdar edýän ähli zatdan tämizläliň. Hudaýdan gorkup, bütinleý mukaddes bolmaga ymtylalyň.


Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.


Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.


Ýagşy işleriň bilen olara ähli zatda görelde bol. Taglymaty sap ýürekden agraslyk bilen öwret,


Imany arkaly loly Rahap heläk bolmady. Ol ysraýyl içalylaryny dostlukly garşylandygy üçin, Hudaýa tabyn bolmadyklar bilen bile öldürilmedi.


Iman arkaly olar ençeme patyşalygy ýeňdiler, ýurdy adalatly dolandyrdylar, wadalara ýetdiler, arslanlaryň agzyny bagladylar,


Iman etmeýän adam hiç wagt Hudaýy hoşnut edip bilmez. Hudaýa ýakynlaşan adam Onuň barlygyna we Özüni agtarýanlary sylaglajakdygyna ynanmalydyr.


Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?!


Araňyzda dana hem parasatly adam barmy? Eger bar bolsa, goý, ol muny dogry durmuşy we danalykdan çykýan pespälligi bilen bitiren oňat işlerinde görkezsin.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ