17 Iman babatda hem şeýledir, eger iş ýüzünde görkezilmese, ol öz-özünden ölüdir.
17 Иман бабатда хем шейледир, эгер иш йүзүнде гөркезилмесе, ол өз-өзүнден өлүдир.
Häzir şu üçüsi galýar: iman, umyt we söýgi. Bularyň iň ulusy bolsa söýgüdir.
Eger men tutuş emlägimi garyp-gasarlara paýlap-da, magtanyp bilerim ýaly tenimi gurban edip-de, söýgim bolmasa, bularyň maňa hiç peýdasy ýokdur.
Çünki Isa Mesihe degişli bolanlaryň arasynda ne sünnetliligiň, ne-de sünnetsizligiň ähmiýeti bardyr. Diňe söýgä daýanýan iman ähmiýetlidir.
sebäbi imanyňyz ýagşy işleri, söýgiňiz janypkeşligi, Rebbimiz Isa Mesihe bolan umydyňyz çydamlylygy hasyl berýär. Biz Atamyz Hudaýyň huzurynda bularyň baryny dyngysyz ýatlaýarys.
Buýrugymyň esasy maksady imanlylara biri-birini sap ýürekden, päk wyždandan, hakyky imandan döreýän söýgi bilen söýmegine ýardam bermekdir.
Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?!
Edil jansyz bedeniň öli bolşy ýaly, amalsyz iman hem ölüdir.