Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 2:13 - Mukaddes Kitap

13 Sebäbi rehimsiz adama rehimsizlik bilen höküm ediler. Rehimli adama bolsa rehimlilik bilen höküm ediler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Себәби рехимсиз адама рехимсизлик билен хөкүм эдилер. Рехимли адама болса рехимлилик билен хөкүм эдилер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 2:13
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Olar biri-birilerine şeýle diýişdiler: «Biz öz doganymyzyň garşysyna eden günämiz üçin jeza çekýäris. Ol bize nähililer ýalbarypdy, emma biz onuň çekýän hasratyna pisint etmändik. Şol sebäpli-de indi biz hasrat çekýäris».


Indi maňa gulak asyň-da, garyndaşlaryňyzdan alan ýesirleriňizi yzyna iberiň, çünki Rebbiň gahar-gazaby siziň üstüňizdedir».


Çünki Sen beýiksiň, ajaýyp işleri edýän hem Sensiň, diňe Sensiň – ýeke-täk Hudaý.


Garybyň dady-perýadyna gulak asmadygyň öz dady-perýadyna-da jogap berilmez.


Baý bolmak üçin garyplary ezýän hem-de baýlara sowgat berýän diňe garyp düşer.


Pudaklary gurap döwler, aýallar gelip, olary ýakarlar. Bu halk düşünmeýän halkdyr; şonuň üçin Ýaradany olara rehim etmez, Döredijisi olara merhemet görkezmez».


Öwünýän diňe Maňa düşünýänligi we tanaýanlygy bilen öwünsin, ýer ýüzünde sadyk söýgi, adalat we dogruçyllyk bilen hereket edýän Men – Rebdirin. Çünki Men bulardan lezzet alýaryn. Muny Reb aýdýandyr.


Olara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Öz barlygymdan ant içýärin. Men erbet adamyň ölüminden däl-de, onuň erbet ýolundan dönüp, diri galmagyndan hoşal bolýaryn. Dönüň! Erbet ýollaryňyzdan dönüň! Eýsem, sen näme üçin öljek, eý, ysraýyl halky?“.


Öz mirasyndan aman galanlaryň ýazygyny bagyşlap, günäsini geçýän başga Hudaý barmyka? Gazabyny ebedi saklamaýar Ol, çünki Ol merhemet görkezmegi söýýär.


Rehimliler bagtlydyr, çünki olara-da rehim ediler.


Emma siz olaryň ýazyklaryny bagyşlamasaňyz, Ataňyz hem siziň ýazyklaryňyzy bagyşlamaz.


Emma Ybraýym oňa: „Eý, ogul! Sen öz ýaşaýşyňda ýagşy zatlary alanyňy, Lazaryň bolsa ejir çekenini ýadyňa sal. Indi bolsa ol bu ýerde rahatlyk görýär, emma sen ejir çekýärsiň.


Başgalary ýazgarmaň, şonda siz hem ýazgarylmarsyňyz. Hiç kimi günäkärlemäň, şonda size-de günä ýöňkelmez. Bagyşlaň, siz-de bagyşlanarsyňyz.


Emma gökden inen danalyk ilki bilen päklikdir, soňra parahatlyk söýüjilikdir, mylaýymlyk we özara ylalaşyklykdyr. Ol merhemetden we haýyrly işlerden doludyr. Şeýle danalyk tarapgöýlik we ikiýüzlülik etmeýär.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Şonda Adonybezek: «Elleriniň hem aýaklarynyň başam barmaklary çapylan ýetmiş sany baştutan meniň saçagymdan gaçan çörek owuntyklaryny çöpläp iýipdi. Şolara edenlerimi indi Hudaý meniň özüme görkezýär» diýdi. Olar Adonybezegi Iýerusalime getirdiler; ol şol ýerde öldi.


Sisera Ýageliň aýagynyň astynda, ýatan ýerinde jan berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ