Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 1:26 - Mukaddes Kitap

26 Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

26 Эгер кимде-ким өзүни диндар сайян болса, эмма дилини сакламаян болса, ол өзүни алдаяндыр, онуң диндарлыгы бидерекдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 1:26
37 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Näme üçin Hudaýa gazaplanyp, agzyňdan beýle sözleri çykarýarsyň?


Ýaýymyň kirşini kesip, Hudaýyň maňa ejir çekdirendigi üçin, olar gözümiň alnynda islänini edýärler.


Ruhum tapdan düşen mahaly, Sen bilýänsiň meniň ýolumy! Ýöreýän ýodamda maňa duzak gurdular.


Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy; Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.


Men bolsa jul geýerdim olar syrkawka, agyz bekläp, özümi pespäl tutardym; emma jogapsyz galdy doga-dilegim.


Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.


Dogruçylyň dilinden danalyk ýaýraýandyr, ýalan sözleýän dil kesilip taşlanýandyr.


Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme barýar.


Danalygyň dilinden bilim ýaýraýar, akmagyň agzyndan akmaklyk çykýar.


Ruhubelent çözgüt patyşanyň dilindedir, ol adalatsyz höküm çykarmaz.


Ýol bardyr, adama dogry ýaly görünýär, ýöne onuň soňy ölüme alyp barýar.


Egri dilli akmakdan, sadyklykda gezýän garyp gowudyr.


Ol uzak gün açgözlük bilen isleýär, dogruçyl bolsa ölçemän berýär we gysganmaýar.


Sadaka bermek biderekdir, ýakymly ysly tütetgiňiz Maňa nejislikdir. Täze Aý baýramynda, Sabat gününde pislik edýärkäňiz guraýan mejlisiňize, ýygnanyşygyňyza çydap bilmeýärin.


Küli hörek edinýärler aldanan kalplary azaşdyrýar olary, janlaryny halas edip bilmeýärler, «Sag elimdäki zat ýalan dälmi?» diýip bilmeýärler.


Siz, ine, şeýle diýdiňiz: «Hudaýa gulluk etmek bidereklikdir. Hökmürowan Rebbiň buýrugyny berjaý etmekden we Onuň öňünde ýas tutup gezmekden biz näme peýda görýäris?


Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“».


Biderek ýere Maňa sežde edýärler, taglymat diýip öwredýänleri ynsan buýruklarydyr“.


Şonuň üçin hem nähili diňleýändigiňize üns beriň. Kimde bar bolsa, oňa ýene berler, ýöne kimde ýok bolsa, özüniňki hasap edýän zady hem elinden alnar».


Munuň üstesine-de, biziň Hudaý barada ýalan şaýatlyk etdigimiz bolýar. Sebäbi biz Hudaý Isa Mesihi direltdi diýip şaýatlyk edýäris ahyryn. Eger merhumlar direlmeýän bolsa, onda Hudaý Isa Mesihi-de direlden däldir.


Size wagyz eden Hoş Habarymy gaýym tutsaňyz, ol arkaly halas bolarsyňyz. Tutmasaňyz, biderek ýere iman etdigiňiz bolar.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


Ýygnagyň ýolbaşçylary meniň wagyz edýän Hoş Habaryma hiç zat goşmadylar. (Olar kim bolsalar-da, maňa parhy ýok, sebäbi Hudaý adamyň daş keşbine garamaýar!)


maňa merhemet berlendigine göz ýetirdiler. Onsoň ýygnagyň diregleri hasaplanýan Ýakup, Petruswe Ýohanna dagy maňa we Barnaba doganlygyň nyşany hökmünde ellerini uzatdylar. Men Barnap bilen ýahudy dälleriň arasyna, olar hem ýahudylaryň arasyna gitmeli diýip, özara ylalaşdyk.


Eýsem başdan geçirenleriňiziň bary biderek bolaýdymyka? Wah, elbetde biderek däl!


Emma kimdir biri hiç bolup-da, özüne nämedirin öýtse, ol özüni aldaýandyr.


Agzyňyzdan hiç haçan ýaramaz söz çykmasyn. Gaýtam, diňleýänleriň mätäçliklerine görä, gerekli sözleri sözläp, olary ruhlandyryň, şonda sözleriňiz olara peýda getirer.


Şeýle hem araňyzda biedeplik, ýaňralyk, biderek degişme-de bolmasyn. Bular size ýaraşmaýar. Muňa derek Hudaýa şükür ediň.


Ýöne seresap boluň, aldanyp ýoldan çykaýmaň, başga hudaýlara sygynyp, olara gulluk edäýmäň.


Her kime nähili jogap bermelidigiňizi biler ýaly, sözüňiz hemişe ýakymly we mazmunly bolsun.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Hudaýyň sözüni ýöne bir diňläp goýman, eýsem, onda aýdylanlary ýerine ýetiriň, ýogsam siz özüňizi aldaýansyňyz.


Eý, akmak, amalsyz imanyň peýdasyzdygyny bileňokmy?


Çünki: «Döwran sürmegi isleýän bolsaň, ýagşy günleri görmekçi bolsaň, ýamanlykdan sakla sen öz diliňi we hileli gepden – dodaklaryňy;


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ