Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 1:19 - Mukaddes Kitap

19 Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Эй, сөйгүли доганларым, муңа үнс бериң: хер бир адам эшитмекде чалт, геплемекде асса, гахарланмакда хаял болсун.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 1:19
54 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Baýramçylygyň birinji gününden ahyrky gününe çenli Ezra her gün Hudaýyň Töwradyndan okady. Olar ýedi günläp baýram etdiler. Sekizlenji gün bolsa buýrulyşy ýaly, mukaddes ýygnak geçirildi.


Gulak asmakdan boýun towlap, olaryň arasynda Seniň görkezen gudratlaryňy ýatdan çykardylar. Olar boýnuýogynlyk edip, Müsürdäki gulçulyklaryna dolanyp barmak üçin özlerine ýolbaşçy bellediler. Emma Sen geçirimli, merhemetli, rehimdar, giň göwünli we sadyk söýgä baý Hudaý. Sen olary terk etmediň.


Duran ýerlerinden ör turup, günüň dörtden bir bölegini öz Hudaýy Rebbiň Töwradyny okap geçirdiler we beýleki dörtden birinde bolsa günälerini boýun alyp, öz Hudaýy Rebbe sežde etdiler.


Olardan ses-seda çykmaýar, olar jogapsyz durlar“ diýip, men garaşaýynmy indi?


Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.


Diline berk janyny goraýandyr, agzyboşlar heläkçilige barýandyr.


Gaharjaň adam akmaklyk edýändir, mekir adam hem ýigrenilýändir.


Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.


Gaharjaň dawa turuzýandyr, giň göwünli bolsa jenjeli ýatyrýandyr.


Danalygyň dilinden bilim ýaýraýar, akmagyň agzyndan akmaklyk çykýar.


Giň göwünli adam güýçlülerden üstündir, özüne erk edýän şäheri basyp alandan üstündir.


Dawa-jenjeliň başy böwsülen böwet ýalydyr, şonuň üçin ony tutaşmanka bes et.


Sözüni jylawlaýan bilimlidir, düşünjeli adam bolsa mylaýym ruhludyr.


Ölümem, ýaşaýyşam diliň ygtyýarynda, dili söýýän hasylyndan iýer.


Paýhasly adam giň göwünli bolar, ýazyk geçmek onuň şöhratydyr.


Gaty gaharjaň adam jeza çeker, eger ony halas etseň, muny ýene gaýtalamaly bolarsyň.


Özüne buýrup bilmeýän kişi diwarsyz, weýran edilen şäher kimindir.


Oýlanman gepleýän adamy gördüňmi? Akmaga bolan umyt onuňkydan köpdür.


Eşek bu gezek Rebbiň perişdesini görüp, Bilgamyň astynda aşak çöküp ýatyberdi. Muňa Bilgamyň gaty gahary gelip, hasasy bilen ol janawary urmaga başlady.


Emma Men size aýdýaryn: öz doganyna gaharlanan adam hem höküme sezewar bolar. Kim öz doganyna „raka“ diýse, ýokary mejlisiň hökümine sezewar bolar. Hatda hiç kim „samsyk“ hem diýmesin, ýogsam dowzah oduna taşlanar.


Dawudyň özi Mesihe Reb diýýän bolsa, Ol nähili Dawudyň ogly bolýar?» Uly mähelle Ony hezil edip diňleýärdi.


Şonda ol ýere şeýle bir köp adam üýşdi welin, hatda gapynyň agzynda durmaga-da ýer ýokdy. Isa olara Hudaýyň Hoş Habaryny wagyz edýärdi.


Ähli salgytçylar bilen günäkärler Isanyň aýdýan zatlaryny diňlemek üçin, Onuň daşyna üýşýärdiler.


Emma munuň ýoluny tapyp bilmeýärdiler, sebäbi ähli halk Ony uly üns bilen diňleýärdi.


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Milletler muny eşidenlerinde şatlanyp, Rebbiň Hoş Habaryna uly hormat goýdular. Şeýlelikde, baky ýaşaýyş üçin saýlananlaryň hemmesi iman etdi.


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Olar resullaryň taglymatyny öwrenmäge, ýakyn gatnaşykda ýaşamaga, bile çörek iýmäge we doga-dileg etmäge yhlasly ýapyşdylar.


Gaharlanyp günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne Gün ýaşmasyn.


Her hili öýke-kine, gahar-gazap, paýyş sözler aýtmak we töhmet atmak ýaly ýigrenji häsiýetler sizden daş bolsun.


Kalbyňyzda Mesihiň parahatlygy höküm sürsün. Çünki siz bir bedeniň agzalary bolup, bu parahatçylyga çagyrylansyňyz. Hemişe şükürli boluň.


Indi bolsa gahar-gazaby, ýamanlyklaryň hemmesini özüňizden aýryp taşlaň. Agzyňyzdan hiç bir töhmet we paýyş sözler çykmasyn.


Siz Hudaýyň Hoş Habaryny bizden eşidip kabul edeniňizde, muny ynsan habary hökmünde däl, eýsem, hakykatdan-da, Hudaýyňky diýip kabul etdiňiz. Siz imanlylara täsir edýän-de bu Habardyr. Şoňa görä-de, biz siziň üçin Hudaýa dyngysyz şükürler edýäris.


Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň.


Eger kimde-kim özüni dindar saýýan bolsa, emma dilini saklamaýan bolsa, ol özüni aldaýandyr, onuň dindarlygy biderekdir.


Eý, doganlarym, şöhratly Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyňyz sebäpli tarapgöýlik etmekden saklanyň.


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir.


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


Ozaly bilen, eý, doganlarym, höküm edilmeziňiz ýaly, gökdenem, ýerdenem, mahlasy hiç zatdan ant içmäň. Jogabyňyz diňe «hawa» ýa-da, «ýok» bolsun.


Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.


Men size hakykaty bilmeýändigiňiz üçin däl-de, eýsem, ony hut bilýändigiňiz üçin ýazýaryn, sebäbi hiç bir ýalanyň hakykat bilen umumylygy ýokdur.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ