Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýakup 1:16 - Mukaddes Kitap

16 Eziz doganlar, aldanmaň!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Эзиз доганлар, алданмаң!

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýakup 1:16
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz, ine, şu sebäpden ýalňyşýarsyňyz.


Isa olara şeýle jogap berdi: «Siz ne Mukaddes Ýazgylary, ne-de Hudaýyň gudratyny bilýärsiňiz. Ýalňyşyňyzyň sebäbi hem şunda dälmi?


Ol ölüleriň däl-de, dirileriň Hudaýydyr; siz gaty ýalňyşýarsyňyz».


Bir gün Petrus ýygnanyşan ýüz ýigrimä golaý doganlaryň ortasynda durup, şeýle diýdi:


Eýsem siz ýamanlyk edýänleriň Hudaýyň Şalygyny miras almajakdygyny bilmeýärsiňizmi? Öz-özüňizi aldamaň! Ne azgynlar, ne-de butparazlar, ne zynahorlar, ne-de erkekbazlar, ne beçebazlar,


Öz-özüňizi aldamaň: Hudaý Özüni ýaňsyladýan däldir. Adam näme ekse, şony hem orýandyr.


Eý, ezizlerim, men ýanyňyzdakam, siz Hudaýyň sözüne gulak asýardyňyz. Emma meniň ýoklugymda gulak asmagyňyz has-da möhümdir. Hudaýyň huzurynda gorka we galpylda gaplanyp, halas bolmak üçin ýagşy işleri amal ediň.


Şunlukda, eý, söýgüli doganlarym, Rebbiň hatyrasyna berk duruň! Men gara gözüňize zardyryn. Ezizlerim, siz meniň şatlygym we başymyň täjisiňiz.


Muny hiç kim sizi süýji sözler bilen aldamasyn diýip aýdýaryn.


Hüşgär boluň! Hiç kim sizi boş hem ýalan pelsepeler bilen ýesir edäýmesin, sebäbi beýle gepler Mesihe däl-de, ynsan däp-dessurlaryna we pany dünýäniň ýörelgelerine esaslanýandyr.


hakykat ýolundan azaşandyrlar. Olar direliş eýýäm amala aşdy diýip, käbir adamlaryň imanyny weýran edýärler.


Biri-biriňizi doganlyk söýgüsi bilen söýüp ýaşaň!


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Eý, doganlar, her hili synaglara duçar bolanyňyzda, muny uly şatlyk hasap ediň.


Eý, doganlarym, şöhratly Rebbimiz Isa Mesihe bolan imanyňyz sebäpli tarapgöýlik etmekden saklanyň.


Eý, doganlarym! Araňyzdan biri «imanym bar» diýibem, ony oňat işler bilen görkezmese, munuň näme peýdasy bar?! Beýle iman ony halas edip bilermi?!


Gulak asyň, eý, söýgüli doganlarym! Hudaý bu dünýäde garyplary imana baý bolmaklary üçin saýlamadymy? Hudaý Özüni söýýänlere wada berşi ýaly, garyplary Şalygyny miras almaklary üçin saýlamadymy näme?


Eý, doganlarym, hemmäňiz ýygnakda öwrediji bolmaň! Sebäbi biz öwredijileriň has berk höküme duçar boljakdygymyzy bilýänsiňiz.


Alkyş we nälet bir agyzdan çykýar. Eý, mähribanlarym, bu beýle bolmaly däldir.


Eý, doganlar, biri-biriňizi ýamanlamaň. Kim doganyny ýamanlaýan ýa-da ony ýazgarýan bolsa, ol Hudaýyň kanunyny ýamanlap, ony ýazgarýandyr. Kanuny ýazgarýan adam bolsa ony berjaý ediji däl-de, oňa kazylyk edijidir.


Ozaly bilen, eý, doganlarym, höküm edilmeziňiz ýaly, gökdenem, ýerdenem, mahlasy hiç zatdan ant içmäň. Jogabyňyz diňe «hawa» ýa-da, «ýok» bolsun.


Doganlarym, şuny ýatda saklaň: eger araňyzdan biri hakykat ýolundan azaşsa we başga biri ony ýene ýola salsa, günäkäri dogry ýola salan adam bir jany ölümden halas edip, köp günäleriniň üstüni örtýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ