Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýahuda 1:19 - Mukaddes Kitap

19 Bular siziň araňyza bölünişik salyp, öz ynsan düşünjelerine görä ýaşaýan adamlardyr we Mukaddes Ruhdan mahrumdyrlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

19 Булар сизиң араңыза бөлүнишик салып, өз ынсан дүшүнҗелерине гөрә яшаян адамлардыр ве Мукаддес Рухдан махрумдырлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýahuda 1:19
11 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Üzňelikde ýaşaýan öz islänini edýändir, ol ähli sagdyn öwüde garşy gidýändir.


Olar: «Daşda dur, ýakynlaşma, men Senden mukaddesdirin» diýýärler. Olar burnuma tüssedir, günuzyn ýanýan otdurlar.


Aýdalyň, ysraýyl halkyndan bolan ýa-da Ysraýylda gelmişek bolup ýaşaýan biri Meni terk edip, ýüregini butlara baglap, etmişini büdreme daşy hökmünde öz öňünde goýupdyr. Onsoň ol Maňa maslahat salyp, pygamberlere ýüz tutsa-da, Men-Reb oňa öz etmişlerine görä jogap bererin.


Siziň azgynlyk eden gyzlaryňyza, zyna eden gelinleriňize jeza bermerin. Çünki erkekleriňiz lolynyň tarapynda bolýarlar. Seždegähdäki loly bilen gurbanlyk edýärler. Düşünjesiz halk bolsa heläk bolýar.


Çölde üzüm tapan ýaly, Men Ysraýyly tapdym. Ilkinji miwe beren injir agajyny gören ýaly, Men ata-babalaryňyzy gördüm. Ýöne olar Bagalpegor dagyndaky butuna sežde edenlerinde, özlerini ryswaçylyga urdular. Göwün beren zatlary ýaly ýigrenji boldular.


Eger Hudaýyň Ruhy dogrudan-da kalbyňyzda mesgen tutan bolsa, siz ynsan höwesleriniň ygtyýarynda dälsiňiz, siz Mukaddes Ruhuň ygtyýaryndasyňyz. Kimde Mesihiň Ruhy bolmasa, ol Mesihe degişli däldir.


Mukaddes Ruha eýermeýän ynsan Hudaýyň Ruhundan bolan zatlara düşünmeýär. Ol bulary akmaklyk saýýar. Çünki Mukaddes Ruhuň pikirlerine diňe Oňa eýerýänler düşünýändirler.


Eýsem siz öz bedeniňiziň Mukaddes Ruhuň ýaşaýan ybadathanasydygyny bilmeýärsiňizmi? Siz bu Ruhy Hudaýdan aldyňyz. Siz diňe özüňiziňki dälsiňiz.


Käbir adamlaryň endik edişi ýaly, ýygnanyşmagymyzy goýmalyň. Gaýtam, Isanyň geljek gününiň golaýlandygyny bilip, biri-birimizi has-da ruhlandyralyň.


Beýle «danalyk» gökden inen däldir, ol dünýewi bolup, ruhy däldir, şeýtandandyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ