Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Ýahuda 1:12 - Mukaddes Kitap

12 Bu adamlar siziň üçin gorkunçdyr, olar öz garynlaryny doýurmak üçin siziň bilen bir saçakda iýip-içýärler. Şemal bilen kowlan ýagmyrsyz bulutlar kimin, möwsüminde miwe bermeýän daragtlar kimindirler. Olar düýbünden goparylyp taşlanandyrlar, bütinleý ölüdirler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Бу адамлар сизиң үчин горкунчдыр, олар өз гарынларыны доюрмак үчин сизиң билен бир сачакда ийип-ичйәрлер. Шемал билен ковлан ягмырсыз булутлар кимин, мөвсүминде миве бермейән дарагтлар киминдирлер. Олар дүйбүнден гопарылып ташланандырлар, бүтинлей өлүдирлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Ýahuda 1:12
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kökleri daş üýşmekleriniň daşyna oralyp, daşlaryň arasynda ýatýandyr.


Ol akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde getirýän, ýapragy solmaýan agaç kimindir; ähli edýän işi oňuna bolýar.


Ýa Reb, gaharyňda meni ýazgarma, gazabyňda meni terbiýeleme.


Berilmedik sowgat bilen öwünýän adam ýagmyrsyz bulut we boş ýel ýalydyr.


Ysraýyla Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: «Ol üzüm şahasy boý alyp ösermi? Birinji bürgüt täze baldaklary gurasyn diýip, köklerini sogurmazmy, miwesini ýolmazmy? Kökünden sogurmak üçin güýçli gol ýa-da beýik goşun gerek bolmaz ahyryn.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Men çopanlara garşydyryn! Sürim üçin olardan hasabat soraryn we indi goýun bakdyrmagy goýduraryn. Gaýdyp, çopanlar özlerini bakmazlar; Men goýunlarymy olara iýmit bolmaz ýaly agyzlaryndan halas ederin».


Ýaşyl ýaýlada otlaýarsyňyz, şonda-da örüleriňiziň artyp galanyny aýaklaryňyz bilen basalaýarsyňyz. Dury suwdan gansaňyz-da, galanyny aýagyňyz bilen bulaýarsyňyz.


«Eý, ynsan ogly! Ysraýyl çopanlarynyň garşysyna pygamberlik et. Pygamberlik edip, olara, ýagny çopanlara Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Özlerini bakyp ýören Ysraýyl çopanlarynyň halyna waý! Çopanlar sürini bakmaly dälmidir?


«Öz barlygymdan ant içýärin, çopanyň ýoklugy üçin Meniň goýunlarym talandy we ýyrtyjy haýwanlara şam boldy. Muny Hökmürowan Reb diýýär. Çopanlarym goýunlarymy idemediler, olar sürini bakman, özlerini bakdylar».


«Eý, Efraýym, saňa näme edeýin? Eý, Ýahuda, seniň bilen näme etmeli? Siziň söýgiňiz säher dumany, ýerdäki çyg ýaly, basym ýok bolýar.


Daşlary sökülip alnyp, suwagy gyrlyp aýrylyp, täzeden suwalandan soňam ol öýde zeň peýda bolsa, ruhany baryp, ol öýi ýene-de gözden geçirsin. Eger zeň öýe ýaýran bolsa, ol öý harap saýylsyn.


Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly solup, guraýarlar.


Ol: «Gökdäki Atamyň ekmedik her bir ösümligi köki bilen sogrular.


Ýöne gün gyzanda, kökleriniň ýokdugy zerarly, olar solup, guraýarlar.


Emma şol hyzmatkär öz içinden: „Hojaýynym giç geler“ diýip, gullary we kenizleri urmaga, iýip-içip, serhoş bolmaga başlasa,


«Bir baý adam bar eken. Ol gyrmyzy don we nepis eşikler geýip, her gününi şady-horramlykda geçirerdi.


Ägä boluň! Aýşy-eşret, serhoşlyk, ýaşaýşyň gaýgylary ýüregiňize ornamasyn. Ýogsam, ol gün duzak kimin duýdansyz üstüňizden iner.


Birnäçe tohum daşly ýere düşýär. Olar gögeren badyna suwsuzlykdan gurap gidýärler.


Şeýdip, mundan beýläk ynsanlaryň ýalançylygynyň we ökdelik bilen düzýän her hili taglymatynyň şemalyna kowlup, eýläk-beýläk iteklenýän çagalar ýaly bolmarys.


Olaryň soňy weýrançylykdyr, olaryň gara garynlary hudaýlarydyr, olar öz masgaralygyna buýsanýandyrlar. Olar diňe bu dünýäniň zatlary barada oýlanýandyrlar.


Emma aýşy-eşret çekýän dul aýalyň özi diri bolsa-da, ruhy ölüdir.


Her hili keseki taglymatlara köňül berip, ýoluňyzy urdurmaň. Kalbyňyzyň iýip-içmek adatlaryndan däl-de, Hudaýyň merhemetinden berkemegi oňatdyr. Sebäbi iýip-içmek adatlaryna eýerýänler mundan hiç hili haýyr gören däldir.


Siz bu dünýäde bolçulykda we keýpi-sapada ýaşadyňyz, özüňizi kyýamat güni soýulmak üçin semretdiňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ