Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 9:9 - Mukaddes Kitap

9 Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Гүнүң астында өзүңе берлен бош өмрүң бүтин довамында сөййән аялың билен дурмушдан леззет ал, чүнки дурмушдан, Гүнүң астында чекйән зәхметиңден галан пайың будур.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 9:9
14 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň bu ýerde ýaşap ýörenine esli wagt bolupdy. Bir gün piliştlileriň patyşasy Abymelek, Yshagyň aýaly Rebeka bilen oýnaşyp durandygyny penjireden gördi.


Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.


Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!


Gowy aýala gowşan gowulyk tapýandyr we Rebbiň razylygyny gazanýandyr.


Öý we mal-mülk atalardan miras, ýöne paýhasly aýal Rebdendir.


Gözlerimiň islän zadyny gaýgyrmadym; ýüregimi hiç bir lezzetden mahrum etmedim; kalbym eden her işimden lezzet aldy. Bu çeken ähli zähmetimiň muzdudy.


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Her kesiň iýip-içip, öz bar zähmetinden lezzet almagy Hudaýyň beren sylagydyr.


Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.


Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.


Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?


Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar.


Tutuş kalby bilen Hudaýa wepaly bolan hiç bir adam beýle hereket etmez. Wepaly adam näme isleýär? Ol öz dogulýan çagalarynyň Hudaýyň halky bolmagyny isleýär. Şonuň üçin habardar boluň we ýaşlykda öýlenen aýalyňyza dönüklik etmäň.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ