Ýowap Tekowa galasyna adam iberip, ol ýerden bir dana aýaly getirtdi. Ýowap aýala: «Ýas lybasyna girersiň-de, ýas tutýan kişi bolarsyň; atyr sepinmersiň, özüňi esli wagtdan bäri bir merhumyň ýasyny tutýan ýaly alyp bararsyň;
Şawulyň agtygy Mepiboşet Dawudy garşylamaga geldi. Patyşanyň giden gününden tä ol sag-salamat dolanyp gelýänçä, ol öz aýaklaryny-da, geýimlerini-de ýuwmandy, sakgalyny hem bejermändi.
Mawy hem ak reňkdäki şa lybasly, başy uly altyn jygaly we nepis zygyr matadan dokalan gyrmyzy donly Mordekaý patyşanyň huzuryndan gaýtdy. Muňa Suzadakylar gygyryşyp şatlandylar.
Mundan soň her milletden, her halkdan, her tireden, her dilden bolan, hiç kimiň sanap bilmejek ägirt mähellesiniň tagtyň we Guzynyň öňünde duranyny gördüm. Olar ak lybasdadylar we ellerinde palma agajynyň şahalary bardy.