Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 9:2 - Mukaddes Kitap

2 Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Хеммәниң такдыры бирдир: догручылың-да, писиң-де, ягшының-да, яманың-да, тәмизиң-де, харамың-да, гурбанлык берйәниң-де, гурбанлык бермейәниң-де такдыры бирдир. Ягшы адама нәме болса, гүнәкәре-де шол болар; ант ичйәне нәме болса, ант ичмекден горкяна-да шейле болар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 9:2
22 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Barybir, şonuň üçinem „Ol aýypsyzy-da, aýyplyny-da ýok edýär“ diýýän.


Müdimi harabalyklara howluk-da, sal Sen nazary – duşman weýran etdi mukaddes öýüňdäki ähli zatlary.


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.


Ol adam iki müň ýyl ýaşasa-da, abadanlykdan lezzet alsa-da, ahyrynda beýlekiler ýaly ol hem ötüp gitmeýärmi?


Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.


Ýas öýüne gitmek toý öýüne gitmekden gowudyr. Çünki her kesiň ahyry ölümdir; ýaşaýanlar muny ýatda saklasynlar.


Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.


Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.


Olaryň arasynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Şapanyň agtygy Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanynda galdyran erkekleri, aýallary, çagalary, patyşanyň gyzlary – ähli adamlary, Ýermeýa pygamber we Neriýanyň ogly Baruk dagy hem bardy.


Indi tekepbirlere bagtly diýýäris. Erbetlik edýänleriň diňe bir işi rowaç alman, eýsem olar Hudaýy synap, jezadan gutulýarlar».


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Öýjüklerinden bal akyp durandygyny görseler-de, urşujylaryň hiç biri ondan dadaýyn diýmedi, çünki olar öz içen antlaryndan gorkýardylar.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ