Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 9:12 - Mukaddes Kitap

12 Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Ынсан хачан хасрат гелҗекдигини билйән дәлдир. Залым тора дүшен балыклар кимин, дузага дүшен гушлар кимин ынсанлар хем үстүне бетбагтлык дуйдансыз иненде, тора дүшйәрлер.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 9:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Garyplaryň ezilişinden, mätäçleriň ahyndan ýaňa Reb şeýle diýýär: «Men şu pursat turaryn, olary küýseýän howpsuzlygyna gowuşdyraryn».


Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler, Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler?


Ýaman adamyň ýazygy özüne gapandyr, dogruçyl bolsa aýdym aýdyp şatlanýandyr.


Şonuň üçin oňa betbagtçylyk duýdansyz iner; pagyş-para bolar, şypa tapylmaz.


Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.


Ýaman işe garşy hökümiň tiz çykarylmaýandygy üçin, ynsanlaryň ýüregi ýamanlyk etmäge taýyndyr.


Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.


Günüň astynda men ýene bir danalygy gördüm, meniňçe ol juda wajyp.


Gorky sesinden gaçan çukura gapgarylar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binýatlary titrär.


bu etmiş belent diwarda peýda bolup opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar; diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Birtopar halklaryň öňünde torumy seniň üstüňe taşlaryn; olar seni Meniň torum bilen tutarlar.


Olar gidýärkäler Men torumy olaryň üstüne taşlaryn. Asmanyň guşlary ýaly olary aşak indererin. Olara pis işleri üçin temmi bererin.


Pygamber meniň Hudaýymyň Efraýymda goýan garawulydyr. Ýöne onuň ugran ýollarynda duzak gurdular. Hudaýyň öýünde-de oňa ýigrenç bar.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Emma şuny bilip goýuň: öý eýesi ogrynyň haýsy sagatda geljegini bilsedi, öýüni talatmazdy.


Çünki Hudaý şeýle diýýär: «Merhemet görkezjek döwrümde seni eşitdim, gutulyş gününde Men kömek etdim». Ine, indi merhemet günüdir, indi gutulyş günüdir!


Adamlar heniz: «Hemmeler sag-salamat, howp-hatar hem ýok» diýip durkalar, olaryň üstünden heläkçilik iner. Bu edil göwreli aýalyň burgusy kimin duýdansyz başlanar. Şonda olar gaçyp gutulmazlar.


akylyna aýlanarlar, iblisiň duzagyndan gutularlar. Sebäbi iblis olary ýesirlige alyp, öz niýetini amala aşyrmaga mejbur edýändir.


Imansyzlaryň arasynda hiç hili müýnsüz ýaşaň. Şonda olar sizi nädogry iş etmekde aýyplasalar-da, dogry işleriňizi görüp, Hudaýyň geljek güni Ony şöhratlandyrarlar.


Emma bu adamlar düşünmeýän zatlaryna dil ýetirýärler. Olar awlanyp, ýok edilmek üçin doglan düşünjesiz ýabany haýwanlar we öz ugruna hereket edýän mahluklar ýalydyrlar. Bular haýwanlar ýaly-da ýok bolup giderler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ