Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 9:11 - Mukaddes Kitap

11 Günüň astynda ýene bir zat gördüm: ýaryş ýüwrükleriňki däl, söweş-de güýçlüleriňki; çörek danalaryňky däl, baýlyk-da düşünjeliniňki; mähir-de bilimliniňki däldir. Çünki her kes amatsyz wagta we hadysa duçar bolýandyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

11 Гүнүң астында ене бир зат гөрдүм: ярыш йүврүклериңки дәл, сөвеш-де гүйчлүлериңки; чөрек даналарыңкы дәл, байлык-да дүшүнҗелиниңки; мәхир-де билимлиниңки дәлдир. Чүнки хер кес аматсыз вагта ве хадыса дучар боляндыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 9:11
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Abşalom bilen ähli ysraýyllar: «Ark urugyndan bolan Huşaýyň maslahaty Ahytopeliň maslahatyndan gowy» diýdiler. Sebäbi Reb Abşalomy heläkçilige duçar etmek üçin, Ahytopeliň oňat maslahatyny puja çykarmak kararyna gelipdi.


Öz maslahatynyň ýer tutmandygyny gören Ahytopel eşegini gaňňalady-da, öz galasyna, öýüne gitdi. Baryp, maşgalasyna wesýet edenden soň bolsa özüni asdy. Ony kakasynyň gubry goýlan gümmezde jaýladylar.


Ýahazyýal şeýle diýdi: «Eý, ýahuda halky, Iýerusalimiň ilaty, patyşa Ýehoşapat, gulak asyň! Reb size şeýle diýýär: „Siz bu beýik goşundan gorkmaň, heder etmäň, çünki uruş siziňki däldir, Hudaýyňkydyr.


Ýöne Hudaý ümsüm bolsa, kim Ony ýazgaryp biler? Ol ýüzüni gizlese, kim Ony görüp biler? Millet bolsun, adam bolsun, parhy ýok,


Sen meniň gözlerimi ukudan goýduň, ynjalykdan gaçyp, gürläp bilmeýärin.


Bu pähimlere hem tymsallara, atalar sözlerine we matallaryna düşünmek üçindir. Akyldarlar bulary eşidip, bilimini artdyrsyn, düşbi adamlar sagdyn maslahat alsyn.


Soňra men ünsümi akyldarlyga, telbelige we akmaklyga tarap gönükdirdim. Patyşanyň ýerine geljek adam eýýäm edilen işlerden başga näme edip biler?


Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.


Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.


Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Hudaýyň işine seret; Onuň egreldenini kim dograldyp bilýär?


Hemmäniň takdyry birdir: dogruçylyň-da, pisiň-de, ýagşynyň-da, ýamanyň-da, tämiziň-de, haramyň-da, gurbanlyk berýäniň-de, gurbanlyk bermeýäniň-de takdyry birdir. Ýagşy adama näme bolsa, günäkäre-de şol bolar; ant içýäne näme bolsa, ant içmekden gorkýana-da şeýle bolar.


Günüň astynda edilýän işleriň iň ýamany şudur: hemmäniň takdyry bir. Ine, ynsanlaryň ýüregi pislikden doludyr; ömürleriniň dowamynda ýüreklerinde telbelik bar. Soňra olar ölülere goşulýandyrlar.


Ýüwrük gaçyp gutulmaz, batyr halas bolup bilmez; demirgazykda, Ýewfradyň kenarynda olar büdräp ýykylarlar.


Siz nädip: „Biz edermen hem güýçli urşujydyrys“ diýip bilýärsiňiz?


Reb şeýle diýýär: «Paýhasly paýhasyna, güýçli güýjüne magtanmasyn, baý baýlygyna öwünmesin.


Ol maňa şeýle diýdi: «Bu Rebbiň Zerubabyla: „Güýç we zorluk bilen däl-de, diňe Meniň Ruhum bilen iş bitirersiň“ diýen sözi. Muny Hökmürowan Reb diýýär.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Hemme zady Öz islegine laýyklykda ýerine ýetirýän Hudaý Öz niýetine görä bizi öňden belläp, Mesih arkaly saýlap-seçdi. Ol muny biziň, ýagny Isa Mesihe ilkinji bolup iman edenleriň Hudaýyň şan-şöhratyny arşa götermegimiz üçin amal etdi.


Siz öz-özüňize: „Men öz güýjüm bilen ýa-da öz golumyň gudraty bilen bu baýlygy topladym“ diýmäň.


Gaýtam, Hudaýyňyz Rebbi ýadyňyzda saklaň, çünki baýlyk toplamaga güýji Ol berýändir. Şonda Ol şu günki görşüňiz ýaly, ata-babalaryňyza wada eden ähtini tassyklar.


Gylyçsyz, sapan hem-de daş bilen Dawut piliştliden üstün çykyp, ony urup öldürdi.


Ýöne oňa gözegçilik ediň. Eger ol öz mekanyna barýan ýol bilen – Beýtşemeşiň ýoly bilen gitse, onda bu aýylganç betbagtçylygy biziň başymyza Rebbiň saldygydyr, emma ol şol ýoldan gitmese, onda bu işde Onuň eliniň ýoklugydyr, munuň tötänlik boldugydyr».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ