Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 8:13 - Mukaddes Kitap

13 Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

13 Эмма пис адам говулык гөрмез, көлегәниң узалышы ялы онуң өмри узалмаз, чүнки ол Худайың хузурында горкян дәлдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 8:13
26 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.


Pisleriň yşygy sönýär, ot ýalynlary parlamaýar.


Pisleriň heşellesi wagtlaýyndyr, hudaýsyzyň şatlygy bir salymlykdyr.


Pisler peläket güni aman galýarlar, Hudaýyň gazaply gününden gutarylýarlar.


Olar şeýle diýýär: «Dilimiz arkaly üstün çykarys, agyz özümiziňki – kim bize hojaýyn çykýan?»


Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.


Rebbe bil baglaýan ynsan nähili bagtly! Tekepbirlere, ýalan hudaýlara ýüz bermeýän ynsan nähili bagtly!


Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.


Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.


Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?


Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar.


Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.


Ýeli saklamaga hiç kimiň güýji ýetýän däldir, ölüm gününi saklamaga-da hiç kimiň güýji ýetmez. Bu söweşden gaçyp bolmaýşy ýaly, pislik-de pis adamy ölüm gününden halas edip bilmez.


Pisleriň dat gününe! Betbagtçylyk iner olaryň başyna, elleri bilen edenlerini eginleri bilen çekerler.


bu etmiş belent diwarda peýda bolup opurylyp gelýän jaýryk kimin bolar; diwaryň ýykylyşy duýdansyz bolup geçer.


Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.


Onda birnäçe gün ýaşap ölen bäbekler, ýa-da uzak ömür sürmedik gojalar bolmaz; ýüz ýaşynda ölen ýaş saýylar, näletlenen saýylar ýüz ýaşa ýetmedik.


Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Ýagşylyk edenler ýaşamak üçin, ýamanlyk edenler bolsa höküm edilmek üçin direler.


Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr.


Açgözlükden ýaňa bu galp mugallymlar öz toslama hekaýatlary bilen siziň puluňyzy üterler. Şonuň üçin olaryň jezasy gadymdan taýýar durandyr, heläkçiligi bolsa gijikmez.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ