Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 8:12 - Mukaddes Kitap

12 Günäkär ýüz gezek ýamanlyk edip, ömrüni uzaldýan bolsa-da, men ýene Hudaýdan gorkýanlaryň gowulyk görjekdigini bilýärin, çünki olar Onuň huzurynda gorkýarlar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Гүнәкәр йүз гезек яманлык эдип, өмрүни узалдян болса-да, мен ене Худайдан горкянларың говулык гөрҗекдигини билйәрин, чүнки олар Онуң хузурында горкярлар.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 8:12
34 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

(Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etmekde Ahapdan ozduran adam bolmandy. Ol bu pis işleri aýaly Izebeliň itergisi bilen etdi.


eý, ýer ýüzündäkiler, Onuň öňünde titräň. Berk berkarar edildi dünýä, ol sarsmaz asla.


Indi Hudaý gaharyna jeza bermeýär, günä gaty üns bermeýär diýip,


Rebbe şan-şöhrat bolsun! Eý, Rebbe hyzmat edýänler, şöhratlandyryň, Rebbiň adyna şan-şöhrat bolsun!


Maňa ýaşlygymdan bäri köp hüjüm etdiler. Ýöne menden üstün çykmadylar.


Ýüregim galpyldap, ysgynym gaçdy, meniň gözlerimiň nury galmady.


Ýa Reb, Sen ýer ýüzünde iň beýigisiň, ähli hudaýlardan belende çykarylansyň.


Hudaý hem bu göbegenelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi we güýçlendi.


Günäkäri betbagtlyk kowalaýar, dogruçyllar bolsa ýagşylyk sylagyny alýar.


Mydama Rebden gorkýan adam nähili bagtly! Ýüregini gataldýanlar bolsa bela uçraýar.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.


Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.


Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.


Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar.


Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.


Olar bu güne çenli toba etmediler, gorkmadylar, siziň we ata-babalaryňyzyň öňünde goýan kanunlaryma we parzlaryma eýermediler“.


Onsoň Patyşa sagyndakylara şeýle diýer: „Eý, Atamyň ýalkanlary! Geliň-de, dünýä ýaradylandan bäri siziň üçin taýýarlanan patyşalygy miras alyň.


Ol nesillerboýy Özünden gorkýanlara merhemet eder.


Ýöne sen boýnuýogynlyk edip, günäleriňe toba etmän, başyňdan injek gazaby toplaýarsyň. Bu jeza Hudaýyň adyl höküminiň aýan boljak gününde berler.


Hudaý Öz gudratyny görkezmek üçin, heläkçilige doglan adamlaryň üstüne gazabyny döküp bilýär. Ýöne Ol Özüni gazaplandyrýan adamlara uly sabyr-takatlyk edýändir!


Eti gany bilen iýmäň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz, sebäbi siz Rebbiň nazarynda dogry işleri edýärsiňiz.


Meniň size bu günki buýurýan bu sözlerimiň ählisine gulak goýup, berjaý ediň, şonda sizden soňky çagalaryňyz hem, siziň özüňiz hem gowy günler görersiňiz. Sebäbi siz Hudaýyňyz Rebbiň nazarynda gowy we dogry işler edýärsiňiz.


Siziň we sizden soňky nesilleriňiziň gowy günler görmekleri üçin, bu gün meniň üstüm bilen Onuň size berýän parzlaryny we tabşyryklaryny berjaý ediň. Şonda Hudaýyňyz Rebbiň size ebedilik berýän ýerinde uzak wagtlap ýaşarsyňyz».


Görşüňiz ýaly, Reb hudaýhon adamlary synagdan nähili halas etmelidigini, ýamanlyk edýänleri bolsa höküm gününe çenli jeza astynda nähili saklamalydygyny bilýändir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ