Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 7:9 - Mukaddes Kitap

9 Tizgahar bolma, çünki gahar akylsyzlaryň gursagynda ornaşýar.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

9 Тизгахар болма, чүнки гахар акылсызларың гурсагында орнашяр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 7:9
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Kabyl öz dogany Habyla: «Ýör, çeträge çykaly» diýdi. Meýdanda Kabyl Habyla topulyp, ony öldürdi.


Uýasynyň namysyna degendigi üçin, Abşalom Amnony ýigrenýärdi. Ýöne ol Amnona ýagşydan-ýamandan hiç zat diýenokdy.


Abşalom hyzmatkärlerine şeýle buýruk berdi: «Serediň, Amnon şerapdan serhoş bolanda, men: „Amnony uruň“ diýerin. Şonda siz ony öldürersiňiz. Gorkmaň. Size muny men buýurýandyryn. Gorkmaň, mert boluň!»


Emma Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonadap: «Şa hezretleri: „Ogullarymyň baryndan dyndarypdyrlar“ diýip pikir etmesin. Öldürilen diňe Amnon. Bu Amnonyň öz uýasy Tamaryň namysyna degen gününden bäri Abşalomyň ýüregine düwen niýetidi.


Emma ysraýyllar ýahudalara: «Dawut patyşada paýymyz siziňkiden köpdür, on paýymyz bar. Şonda-da näme üçin bizi äsgermezlik etdiňiz? Patyşany yzyna getirmekde ilkinji söz biziňki bolmaly dälmi näme?» diýip jogap berdiler. Emma ýahudalaryň sözi ysraýyllaryňkydan gazaply bolup çykdy.


Gaharjaň adam akmaklyk edýändir, mekir adam hem ýigrenilýändir.


Giň göwünli adamyň düşünjesi köpdür, dargursak bolsa akmaklygy beýgeldýändir.


Giň göwünli adam güýçlülerden üstündir, özüne erk edýän şäheri basyp alandan üstündir.


derrew kaza getirme. Soňra ýakynyň seni utandyranda näme edersiň?


«Näme üçin geçen günler bu günden gowudy?» diýip sorama, çünki bu sowaly paýhas bilen soramaýarsyň.


Indi bolsa, Ýa Reb, meniň janymy al, çünki ýaşanymdan ölenim gowudyr».


Gün doganda, Hudaý gündogardan epgek öwüsdirdi. Gün Ýunusyň depesini gaýnadyp başlady, onda ysgyn-mydar galmady. Ol özüne ölüm diläp: «Ýaşanymdan ölenim gowudyr» diýdi.


Hudaý Ýunusdan: «Ösümlik babatda gaharlanmaga hakyň barmy?» diýip sorady. Ýunus: «Hawa, hakym bar. Gahardan ýaňa özüme ölüm dileýärin» diýdi.


Şeýlelikde, Hirodiýa Ýahýa garşy ýüreginde kine saklap, ony öldürmek isleýärdi, ýöne bu elinden gelmeýärdi.


Gyz hem daşary çykyp ejesinden: «Näme diläýin?» diýip sorady. Ol hem: «Ýahýa çümdürijiniň başyny» diýip jogap berdi.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ