3 Gussa gülküden ýagşydyr, çünki ýüzüň gamgyn bolmagyndan ýürek gowulanýandyr.
3 Гусса гүлкүден ягшыдыр, чүнки йүзүң гамгын болмагындан йүрек говуланяндыр.
Gülki barada: «Akmaklyk», lezzet barada: «Näme peýda getirýär?» diýdim.
Akyllynyň ýüregi ýas öýündedir; akylsyzyň ýüregi bolsa hezillik öýündedir.
Ol maňa: «Jandan eziz söýülýän ynsan, gorkma, saňa rahatlyk bolsun! Dözümli we mert bol!» diýdi. Ol meniň bilen gepleşende, men güýçlendim we oňa: «Aýdyber, jenabym, çünki sen maňa güýç berdiň» diýdim.
Eý, şu wagt açlyk çekýänler, siz bagtlysyňyz, çünki doýarsyňyz. Şindi aglaýanlar, siz bagtlysyňyz, çünki şatlykdan gülersiňiz.
Waý halyňyza, eý, şu wagt doklar! Çünki siz açlyk çekersiňiz. Waý halyňyza, eý, şu wagt gülýänler! Çünki siz ýas tutup aglarsyňyz.
Çünki ýeňil we wagtlaýyn muşakgatlarymyz bize juda ajaýyp, beýik we baky şöhrat gazandyrar. Şonda bu muşakgatlar edil bolmadyk ýaly bolar.