Şol agajyň miwesinden dadan günüňiz, Hudaý siziň gözüňiziň açyljakdygyny we edil Hudaý kimin boljakdygyňyzy hem-de ýagşyny-ýamany saýgarjakdygyňyzy bilýär».
Hudaý ähli zady öz wagtynda gözel etdi. Şeýle hem ebediligi ynsanyň ýüregine saldy, ýöne şonda-da olar Hudaýyň owaldan ahyra çenli eden işini aňlap bilmezler.
Şeýdip, Hudaýyň ähli işlerini gördüm. Günüň astynda edilýän işlere düşünip bolmaýar. Ynsan ony agtarjak bolup, näçe synanyşsa-da, tapmaz, hatda dana adam muny bilýändigini aýtsa-da, tapyp bilmez.