Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 7:16 - Mukaddes Kitap

16 Öte dogry bolma, öte akyldarlyk etme. Näme üçin özüňi heläk etjek?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Өте догры болма, өте акылдарлык этме. Нәме үчин өзүңи хеләк этҗек?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 7:16
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Aýal bu agajyň miwesiniň iýmit üçin gowudygyny, göze ýakymlydygyny we onuň akyl-paýhas berýändigini görüp, ondan alyp iýdi. Ýanyndaky adamsyna-da berdi, ol hem iýdi.


Gulandan ynsanyň dogulmaýşy ýaly, akmagyň-da akyly goýalmaz.


Onsoň Ol adamzada: „Ine, Rebden gorkmak – bu paýhasdyr. Şerden gaça durmak – bu düşünjedir“ diýdi».


Baýajak bolup agyr zähmet çekme, pähimli bol, bu pikiriňden el çek.


Bulardan başga-da, eý, oglum, sak bol. Köp kitap ýazmagyň soňy ýokdur, köp okamak beden üçin argynlykdyr.


Waý halyňyza, Töwrat mugallymlary we fariseýler! Eý, ikiýüzlüler! Siz pygamberleriň guburlaryny dikip we dogry adamlaryň ýadygärliklerini bezäp:


Olar ähli edýän zatlaryny göz üçin edýändirler. Töwrat aýatlar gutujygyny giňeldip, donlarynyň gotazlaryny uzaldýandyrlar.


Onsoň Ýahýanyň şägirtleri Isanyň ýanyna gelip: «Näme üçin biz we fariseýler agyz bekleýäris-de, Seniň şägirtleriň agyz beklänoklar?» diýip soradylar.


Men hepdede iki gezek agyz bekleýärin, ähli gazanjymyň ondan birini berýärin“ diýip doga okaýar.


Çünki Hudaýyň buýruklaryny berjaý etmekde olaryň diýseň yhlaslydygyna özüm diri şaýat. Emma şeýle yhlasly bolsalar-da, olaryň Hudaý hakda hakyky bilimi ýok.


Eý, doganlar, siz tekepbirlige ýüz urmaz ýaly, şu syrdan habarly bolmagyňyzy isleýärin. Hudaý başga milletlerden saýlanlarynyň baryny halas edýänçä, käbir ysraýyllaryň ýüregi ýumşamaz.


Özüme berlen merhemetden peýdalanyp, siziň hemmäňize şulary diýýärin: özüňize ýokary baha bermäň. Tersine, Hudaýyň her kime beren imanyna görä özüňiz babatda sagdyn düşünjeli boluň.


Goý, hiç kim öz-özüni aldamasyn. Eger kimdir biri özüni dünýä ölçegine laýyklykda dana saýýan bolsa, goý, «akmak» bolsun. Şonda ol dogrudan-da dana bolar.


«Reb danalaryň pikirleriniň panydygyny bilýär».


Din ugrundaky yhlas diýseňiz, imanlylar ýygnagyna azar berdim. Mukaddes Kanuna daýanýan dogrulyk diýseňiz, aýypsyzdym.


Ýalandan pespälsireýän we perişdelere sežde edýän adam sizi Hudaýyň sylagyndan mahrum etmesin. Şeýle adam gören görnüşlerine magtanýandyr, emma bu boş ýere paňkarýan ynsan pikir ýöretmesidir.


Elbetde, bu urp-adatlar galp dindarlykda, pespälsirän bolmakda, bedene ezýet çekdirmekde akyldarlyk ýaly görünýändir, emma bularyň ynsanyň pis niýetiniň öňüni almakda hiç bir peýdasy ýokdur.


Olar öýlenmegi, durmuşa çykmagy gadagan edýärler. Hudaýyň ýaradan näz-nygmatlarynyň käbirini iýmezligi buýurýarlar. Ýöne Hudaý bu näz-nygmatlary hakykaty bilýän imanlylaryň şükür bilen iýmekleri üçin ýaratdy ahyryn.


Olar başlaryndan gum sowrup, aglarlar, ýas tutup, ses edip möňňürerler: „Waý, halyňa waý, beýik şäher! Deňizde gämileri bolanlaryň bary bu şäheriň baýlygy arkaly baýapdy. Indi bolsa ol bir sagatda weýran edildi!“


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ