Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 7:14 - Mukaddes Kitap

14 Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Ягшы гүнде шат бол, гара гүнде муны ятла: ынсан өзүнден соң нәме болҗагыны билмесин дийип, Худай ягшылыгы-да, бетбагтлыгы-да яратды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 7:14
35 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

olar hem ýesirlige äkidilen ýurtlarynda oýlanyp toba edip, ýalbaryp: „Biz nähaklyk edip, günä gazandyk, pislik etdik“ diýip,


Emma Eýýup aýalyna: «Sen akmak aýal ýaly gepleýärsiň. Hudaýdan ýagşylygy kabul edip, ýamanlygy kabul etmälimi?» diýip jogap berdi. Şunça hasratlaryň içinde-de Eýýup gepi-sözi bilen günä etmedi.


Reb ony gorar, aman galdyrar, ýer ýüzünde oňa bagtly diýerler; Sen duşman eline ony bermersiň.


Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Wagyzçy: «Biderek! Biderek! Bary biderek!» diýýär.


Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.


Aglamagyň öz wagty bar, gülmegiň öz wagty; ýas tutmagyň öz wagty bar, tans etmegiň öz wagty.


Ine, meniň görenim şudur: ynsana iýip-içip, Hudaýyň özüne beren gysga ömrüniň içinde Günüň astynda çekýän bütin zähmetinden lezzet almak ýaramlydyr; çünki bu onuň takdyrydyr.


Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?


Git-de, çöregiňi şatlyk bilen iý, şerabyňy göwnühoşluk bilen iç; çünki Hudaý seniň eden işleriňden eýýäm razy boldy.


Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot, goý, olary ýuwutsyn.


Munuň üçin Ol lowlaýan gazabyny, zalym urşy üstlerinden inderdi; olary hemme tarapdan otlady, emma olar şonda-da düşünmediler, olary ýakdy, ýöne üns bermediler.


Ýüreginiň niýetini amala aşyrýança, Rebbiň gahar ody ýatyşmaz. Siz muňa ahyrky günlerde düşünersiňiz.


Ýagşylyk hem, ýamanlyk hem Beýik Hudaýyň agzyndan çykmaýarmy?


Reb gala seslenýär, (Seniň adyňdan gorkmak danalykdyr). Ol diýýär: «Eý, halk we gala jemagaty, diňläň!


Ýöne siz gidiň-de, „Men gurbanlyk däl-de, rehim-şepagat isleýärin“ diýen sözüň manysyny öwreniň, sebäbi Men dogrulary däl-de, günäkärleri çagyrmaga geldim» diýdi.


Olar şägirtleri ruhlandyrdylar we olara imanda berk durmagy ündäp: «Hudaýyň Şalygyna girmegimiz üçin, biziň köp muşakgatlary başdan geçirmegimiz gerek» diýýärdiler.


Soňra Hudaýyňyz Rebbiň özüňize we öýüňize eçilen bolelinligi üçin lewiler we araňyzda ýaşaýan gelmişekler bilen bile şatlanyp baýram ediň.


Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz.


Ol sizi Özüne boýun egdirip aç goýdy we siziň hem, ata-babalaryňyzyň hem görmedik iýmiti bolan manna bilen sizi naharlady. Ol muny ynsanyň diňe çörek bilen ýaşaman, eýsem, Rebbiň agzyndan çykýan her bir sözi bilen hem ýaşap biljekdigine düşünsin diýip etdi.


Siz şuny ýüregiňizde saklaň, edil ata öz ogluny terbiýeleýşi ýaly, Hudaýyňyz Reb hem sizi terbiýeleýändir.


Araňyzda biri ejir çekýärmi? Goý, ol Hudaýa doga etsin. Biriniň keýpi kökmi? Hudaýa alkyş nagmalaryny aýtsyn.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ