Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 7:12 - Mukaddes Kitap

12 Danalygyň saýasy puluň saýasy kimindir. Bilimiň bähbidi budur: danalyk oňa eýe bolanlara ýaşaýyş berýär.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Даналыгың саясы пулуң саясы киминдир. Билимиң бәхбиди будур: даналык оңа эе боланлара яшайыш берйәр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 7:12
25 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Sen onuň özüni, maşgalasyny we bar mal-mülküni Öz penaňda saklaýarsyň ahyryn! Onuň elleriniň işine bereket berdiň, ýurtda mal-garasyny örňetdiň.


Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. «Heläk etme» äheňinde aýdylýan. Dawudyň miktamy.


Gazap gününde mal-mülk haýyr berýän däldir, dogruçyllyk bolsa ölümden gutarar.


Garyby öz ýakynlary-da ýigrenýändir, baýy bolsa söýýän köpdür.


Ol dogruçyllara ýardam berýär, sadyklykda gezýänlere galkan bolýar.


Ýapyşanlar üçin ol durmuş daragtydyr. Ony gaýym tutanlar bagtlydyr.


Çünki meni tapan ýaşaýşy tapar we Rebbiň razylygyny gazanar.


Çünki meniň üstümden seniň günleriň uzalar, ömrüň ýyllary artar.


Meýlis keýpi-sapa üçin edilýändir, şerap durmuşa şatlyk berýändir, pul her mätäçligiň öwezini dolýandyr.


Ýagtylygyň garaňkylykdan bähbitli bolşy kimin, akyldarlygyň hem akmaklykdan bähbitlidigini bildim.


Paýhas dana adamy şäherdäki on hökümdardan has güýçli edýändir.


Onsoň men diýdim: «Danalyk güýçden gowudyr», ýöne garyp adamyň paýhasy äsgerilmeýär, onuň sözleri eşidilmeýär.


Akyldarlyk uruş ýaraglaryndan gowudyr, ýöne bir günäkär köp ýagşylyklary ýok edýändir.


Faraonyň penasynda penalamak üçin, Müsüriň kölegesinde gonalga gözlemek üçin, Menden geňeşsiz Müsüre gidýärler.


Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.


Ol seniň döwürleriň berk binýadydyr, bol danalyk hem bilim bolar; Ol yzygiderli halas eder. Rebden gorkmak halkynyň hazynasydyr.


Onuň buýrugynyň bolsa baky ýaşaýşa gowşurýandygyny bilýärin. Şonuň üçin Atam Maňa näme buýran bolsa, Men size diňe şony aýdýandyryn».


Baky ýaşaýyş bolsa, Seni, ýagny ýeke-täk hak Hudaýy we Seniň iberen Isa Mesihiňi tanamakdyr.


Bular siziň üçin boş sözler däl-de, eýsem siziň durmuşyňyzdyr. Iordandan geçip, mülk edinjek ýurduňyzda şu aýdylanlar bilen siz uzak ömür sürersiňiz».


Hawa, men Rebbim Isa Mesihi tanamagyň ajaýyp belentliginiň hatyrasyna ähli zady biderek saýýaryn. Men Onuň hatyrasyna ähli zatdan geçip, bularyň baryny çöp-çör saýýaryn. Men Mesihi gazanasym we Onuň bilen mäkäm birigesim gelýär. Men Mukaddes Kanuna daýanýan öz dogrulygyma däl, eýsem Mesihe bolan imana daýanýan, iman arkaly Hudaýdan bolan dogrulyga eýe bolasym gelýär.


Tikenli agaç beýleki agaçlara bakyp: „Eger siz meniň, hakykatdan hem, özüňize patyşa bolmagymy isleýän bolsaňyz, onda meniň saýamda bukulyň. Eger şeýtmeseňiz, onda tikenli agaçdan ot çykyp, Liwanyň kedr agaçlaryny ýakyp-ýandyrar“ diýipdir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ