Meni özüň bilen alaý, howlugaly. Şazadam meni içki otagyna getirdi. Seniň üçin şatlanaly we guwanaly; şerapdanam zyýada taryplaly seniň yşkyňy. Sen olaryň söýgüsine mynasyp!
Biziň şindi ýaşaýan pany çadyrymyz, ýagny bedenimiz her haçan weýran bolsa-da, gökde el bilen ýasalmadyk, Hudaýyň taýynlan baky mesgenimiziň bardygyny bilýäris.
Onsoň gökden bir ses eşitdim. Ol şeýle diýdi: «Muny ýaz: „Mundan beýläk Rebbimize iman edip ölenler bagtlydyr!“» Ruh hem şeýle diýdi: «Hawa, olar çeken zähmetlerinden dynç alarlar, çeken zähmetleriniň rähnetini görerler».