Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.
Şoňa görä size diýýärin: näme iýip-içerin diýip janyňyzy, näme geýerin diýip bedeniňizi gaýgy etmäň. Jan iýmitden, beden egin-eşikden gymmatly dälmidir?
Zaýalanýan iýmit üçin däl-de, baky ýaşaýyş berýän iýmit üçin yhlas ediň, ony size Ynsan Ogly berer. Çünki Atamyz Hudaýyň Özi bu işi Oňa tabşyrandyr» diýip jogap berdi.