Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 6:3 - Mukaddes Kitap

3 Eger bir adam ýüz çaganyň atasy bolup, köp ýyl ýaşasa, ömri uzak bolup, ýöne durmuşyň näz-nygmatlaryndan lezzet almasa, hormat bilen jaýlanylmasa, meniň üçin öli doglan çaga ondan gowudyr.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

3 Эгер бир адам йүз чаганың атасы болуп, көп йыл яшаса, өмри узак болуп, йөне дурмушың нәз-ныгматларындан леззет алмаса, хормат билен җайланылмаса, мениң үчин өли доглан чага ондан говудыр.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 6:3
23 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Soňra Ysaw töweregine seredip, aýallary hem çagalary gördi. Ol: «Ýanyňdakylar kim?» diýip sorady. Ýakup Ysawa: «Bular Hudaýyň öz guluňa merhemet bilen beren çagalarydyr» diýip jogap berdi.


Ýakup: «Men göçüp-gonup ýüz otuz ýyl ýaşadym. Durmuşym gysga hem agyr boldy. Meniň ömrüm göçüp-gonup ýaşan ata-babalarymyňky ýaly uzak bolmady» diýdi.


Ahabyň Samariýada ýetmiş ogly we ogul agtyklary bardy. Ýehu Samariýadaky Ýizregel baştutanlary bolan ýaşululara we Ahabyň nesillerine hossarlyk edýänlere şeýle mazmunly hat ýazyp iberdi: «Jenabyňyzyň ogullarydyr ogul agtyklary siziň ýanyňyzdadyr, şeýle hem atlar, söweş arabalary, gala we ýaraglar siziň hyzmatyňyzdadyr.


Olar ony jaýlamaga gidenlerinde, onuň diňe kelle süňkünden, aýaklaryndan, eliniň penjelerinden başga hiç zat tapmadylar.


Ol maňa köp ogul berdi; menden soň Rebbiň patyşalygyny dolandyryp, Ysraýyla patyşa etmek üçin, Ol köp ogullarymyň arasyndan Süleýmany saýlap-seçdi.


Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy.


Haman olara öz ummasyz baýlyklaryny, näçe oglunyň bardygyny, patyşanyň özüniň wezipesini beýgeldip, beýleki beglerden we köşk emeldarlaryndan ýokarda goýup, eden hezzet-hormatlaryny sanap berdi.


Şeýdip, olar Hamanyň Mordekaý üçin taýýarlan dar agajyndan onuň özüni asdylar. Şondan soň patyşanyň gahary ýatyşdy.


Näme üçin dünýä inäýemde ölmändirin? Göwreden çykan dessime jan bermändirin?


Näme üçin öli doglan çaga dek, ýagta gözi düşmedik çaga dek ýere gömülmändirin men?!


Ine, olar agyzlaryndan erbetlik saçýar, dilleri ajylyk pürkýär. Olar: «Kim eşider?» diýip oýlaýar.


Agtyklar garry adamlaryň täjidir, ogullaryň şan-şöhraty bolsa ene-atalarydyr.


Çünki öli çaga biderek dogulýar, garaňkylyk içinde ýitip gidýär, ady garaňkylyga örtülýär.


Maslygyny süýräp, Iýerusalim derwezesinden çykaryp zyňarlar, eşek gömen ýaly edip gömerler“.


Munuň üçin Reb Ýahuda patyşasy Ýehoýakym barada şeýle diýýär: „Onuň neslinden hiç kim Dawut tagtynda oturmaz. Jesedi gündiziň yssysyna, gijäniň aýazyna taşlanar.


Bu süňkler olaryň öz söýen, gulluk eden, yzlaryna eýeren, maslahat sorap sežde eden zatlarynyň, ýagny Günüň, Aýyň, tutuş asman jisimleriniň astyna serler. Olar ýygnalyp jaýlanylmaz, topragyň ýüzünde ders ýaly ýatar.


Ynsan Ogly Özi hakda ýazylyşy ýaly jan berer, emma Ynsan Ogluna haýynlyk edeniň halyna waý! Ol adam eneden dogulmadyk bolsa, onuň üçin has oňat bolardy» diýip jogap berdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ