Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 6:2 - Mukaddes Kitap

2 Hudaý adama baýlyk, mal-mülk we abraý berýär, ähli islän zadyndan kemlik edýäni ýok, ýöne oňa bulardan lezzet almaga mümkinçilik bermeýär, ony bir keseki iýýär. Bu biderek, erbet dertdir.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

2 Худай адама байлык, мал-мүлк ве абрай берйәр, әхли ислән задындан кемлик эдйәни ёк, йөне оңа булардан леззет алмага мүмкинчилик бермейәр, оны бир кесеки иййәр. Бу бидерек, эрбет дертдир.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 6:2
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men saňa dilemedik zatlaryňy, ýagny ömürboýy egsilmejek baýlyk bilen hormat bererin. Saňa taý geljek patyşa bolmaz.


Reb tutuş Ysraýylyň gözüniň alnynda Süleýmany belende göterdi we heniz Ysraýylda hiç bir patyşanyň eýe bolmadyk şalyk belentligini oňa berdi.


Dawut ýaşy birçene baryp, garrap, mal-döwletdir şöhratdan doýup dünýäden ötdi. Onuň ýerine ogly Süleýman patyşa boldy.


Hudaý Süleýmana şeýle diýdi: «Kalbyňda şu islegiň bardygy üçin, özüňe mal-mülk, baýlyk, at-abraý ýa öz duşmanlaryňyň ölümini ýa-da özüň üçin uzak ömür dilemän, eýsem üstünden patyşalyga bellän halkymy dolandyrmaga özüňe pähim-paýhas we düşünje diländigiň üçin, Men saňa paýhas we düşünje berýärin. Şeýle hem Men saňa senden öň hiç kimde bolmadyk we senden soň hem hiç kimde bolmajak baýlyk, mal-mülk we at-abraý bererin».


Reb göklerde güňleç gürledi, Beýik Hudaý sesini közdür doly bilen çykardy.


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


Mukaddes öýüňi oda ýakdylar, Seniň mesgeniňi haramladylar, ony ýer bilen ýegsan etdiler.


Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.


Baýlyk betbagtçylyk bilen ýok bolup gitdi. Çagalary bolsa-da, olara bermäge hiç zat galmaz.


Ömürboýy çöregini garaňkylyk, gaýgy-gussalyk, hassalyk we gazap içinde iýýändir.


Şeýle hem Hudaý bir adama baýlyk, mal-mülk berip, oňa bulardan lezzet almaga, takdyryna kaýyl bolup, öz zähmetinden lezzet almaga kuwwat beren bolsa, bu Hudaýyň peşgeşidir.


Ynsan ömrüniň günlerini köp ýatlamaz, çünki Hudaý onuň kalbyny şatlyk bilen eýeleýär.


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Eý, patyşa, Beýik Hudaý seniň ataň Nebukadnesara patyşalyk, beýiklik, şan-şöhrat we hormat berdi.


Onuň güýjüni özgeler iýýär. Parhyna barmady. Saçyna çal sepildi. Muny bilmeýär.


Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.


Araňyzda ýaşaýan gelmişekler sizden has ýokary göteriler, siz bolsa kem-kemden pese düşersiňiz.


Siz ol ýerde hiç bir aladasy bolmadyk halky görersiňiz. Olaryň ýeri-de örän giň. Hudaý olary siziň eliňize berendir. Ol ýerde asyl ýetmezçilik edýän zat ýok» diýdiler.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ