Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 6:12 - Mukaddes Kitap

12 Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

12 Бидерек дурмушында, көлеге кимин гечип гидйән гысга өмрүниң гүнлеринде ынсан үчин нәмәниң говудыгыны ким билйәр? Бу дүнйәден гиденден соң, Гүнүң астында нәме болҗакдыгыны ынсана ким айдып билер?

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 6:12
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Biz Seniň öňüňde ata-babalarymyz ýaly gelmişek hem-de mysapyrdyrys. Biziň ýerdäki durmuşymyz edil kölege ýalydyr, umytsyzdyr.


Ol gül kimin açylýar, solýar, kölege kimin ýitýär, yz galmaýar.


Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz, masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.


Çünki biz düýnkilerdiris, bilýän zadymyz ýokdur, ýerdäki ömrümiz kölege kimindir.


Çünki gökler ýerden nähili belentde bolsa, Rebbiň sadyk söýgüsi Ondan gorkýanlara şonça-da beýik.


Seniň işleriň nesilerboýy taryp ediler, Seniň gudratly işleriň hem yglan ediler.


Gadamlarym pugta tutdy ýodalaryňy, meniň aýaklarym taýmady.


Peýkamlaryny atyp, pytratdy ýagylaryny, ýyldyrymlar çakdyryp, weýran etdi olary.


Dogry gurbanlyklary hödürläň, Rebbe bil baglaň.


Hudaý onuň galasynda Özüni berkitme hökmünde tanadýar.


Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Bedenime şerap bilen lezzet bermegi, akmaklyga urmagy ýüregime düwdüm, ýüregim maňa entegem paýhas bilen ýol görkezýärdi. Men muny öz gysga ömürleriniň dowamynda gögüň astynda ederleri ýaly, ynsanlar üçin nämäniň ýagşydygyny bilmek üçin etdim.


Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.


Köp söz biderekligi artdyrýar; munuň ynsana näme peýdasy bar?


Netijesiz ömrümde bar zady gördüm: dogry adam dogrulygynda ýok bolýar, pis adam pisliginde ömrüni uzaldýar.


Emma pis adam gowulyk görmez, kölegäniň uzalyşy ýaly onuň ömri uzalmaz, çünki ol Hudaýyň huzurynda gorkýan däldir.


Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?


Olaryň söýgüsi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler Günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler.


Günüň astynda özüňe berlen boş ömrüň bütin dowamynda söýýän aýalyň bilen durmuşdan lezzet al, çünki durmuşdan, Günüň astynda çekýän zähmetiňden galan paýyň budur.


Eý, adamzat, Reb ýagşynyň nämedigini saňa bildirdi. Adalaty berjaý etmekden, merhemeti söýmekden, Hudaýyňyzyň öňünde kiçi göwünli gezmekden başga Reb sizden näme talap edýär?


Ertir näme boljagyny nireden bilýärsiňiz?! Siziň ömrüňiz näme? Ol az salym görnüp, soňra ýitirim bolýan säher çygy ýalydyr.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ