Ynsanlaryň-da, haýwanlaryň-da takdyry birdir. Biri nähili ölýän bolsa, beýlekisi-de şeýle ölýär; hemmesiniň bir demi bar; adam haýwandan üstün däldir, çünki bary biderek.
Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.
Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.
Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?