Uzyýa çölde-de diňler gurup, köp guýulary gazdyrdy. Onuň günbatar baýyrlykda we düzlükde uly mal sürüsi bardy, daglarda we mes toprakly ýerlerde daýhanlary we üzüm bagbanlary bardy. Uzyýa daýhançylyk etmegi söýýärdi.
Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.
Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Şol günlerde halkyň aman galanlarynyň gözüne bu mümkin däl ýaly görünse, Maňa-da şeýle görünmelimi? Muny Hökmürowan Reb – Men aýdýandyryn».
Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.
Perişde oňa: «Mukaddes Ruh seniň üstüňe iner, Beýik Hudaýyň gudraty seniň üstüňe kölege salar. Şonuň üçin hem doguljak çaga Mukaddes saýylar, Oňa Hudaýyň Ogly diýler.