meni ähli ýamanlykdan goran perişde bu oglanlary-da ýalkasyn! Goý, meniň adym, ata-babalarym Ybraýymyň hem Yshagyň ady şu oglanlaryň üsti bilen dowam etsin! Goý, olardan köp nesiller döresin!»
Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.
«Ysraýyl halkyna aýt: „Kimde-kim Men Rebbiň size beren buýruklarymy tötänden bozup, günä etse, şeýle-de başyna ýag guýlup saýlanan baş ruhanynyň özi günä iş edip, halky ýazykly etse, onda ol şikessiz bir öküzçäni öldürip, ony Rebbe günä gurbanlygy hökmünde hödür etsin.
Eger baştutanlardan biri öz Hudaýy Rebbiň beren buýruklaryny tötänlikden bozup, günä etse, ol günäsi barada oňa duýdurylan badyna, gurbanlyk hökmünde şikessiz bir erkeji getirsin.
Hökmürowan Reb: «Öňümden ýol taýýarlar ýaly, ine, Men Öz wekilimi iberýärin. Siziň gözleýän Taňryňyz duýdansyz Öz ybadathanasyna geler. Siziň hoşal bolýan äht Wekiliňiz, ine, gelýär» diýýär.
Ruhany bütin ysraýyl halkyny günäsinden saplasyn, şonda olaryň günäsi geçiler. Çünki halk tötänlikden günä etdi we olar öz sadakalaryny Rebbe ot üsti bilen berilýän sadaka hökmünde hödür etdiler. Öz ýalňyşlyklary üçin Rebbe günä gurbanlygyny berdiler.
Şu buýruklary berjaý edeniňde, meseläniň anygyna ýetmän, hiç kimi ýazgarma, tarapgöýlik etme. Ine, şularyň baryny Hudaýyň, Isa Mesihiň we saýlanan perişdeleriň öňünde saňa berk tabşyrýaryn.