Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 5:1 - Mukaddes Kitap

1 Hiç haçan alňasaklyk bilen gepleme, Hudaýyň huzurynda ýürek sözüni aýtmaga howlukma; çünki Hudaý gökdedir, sen ýerdesiň. Şonuň üçin az sözle.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Хич хачан алңасаклык билен геплеме, Худайың хузурында йүрек сөзүни айтмага ховлукма; чүнки Худай гөкдедир, сен ердесиң. Шонуң үчин аз сөзле.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 5:1
28 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Uzyýa kuwwatlananda, gopbamlyk edip, heläkçilige uçrady. Ol Hudaýy Rebbe haýynlyk etdi, ol ýakymly ysly tütetgi sypasynda tütetgi ýakmak üçin Rebbiň ybadathanasyna girdi.


«Köp söze jogap berilmesinmi? Ýaňrany sözleri aklasynmy?


Hudaý gökleriň ýokarsynda dälmidir? Ýokardaky ýyldyzlara nazar sal, olar, gör, nähili belentlikde!


Seniň gaharyňdan ýaňa biz ýok bolýarys, gazabyňdan ýaňa dowla düşýäris.


Soňra Hudaý: «Mundan ýakyn gelme, aýagyňdaky çarygyňy çykar, çünki seniň bu duran ýeriň mukaddes toprakdyr!


«Ýuwunmak üçin bürünçden legen ýasa. Onuň sütüni hem bürünçden bolsun. Ony Maňa ýüz tutulýan çadyr bilen gurbanlyk sypasynyň ortasynda goý we içine suw guý.


Gepi köpüň ýazygy bardyr, emma agzyna eýelik edýän adam parasatlydyr.


Erbetleriň gurbanlygy Rebbe ýigrenjidir, dogruçyllaryň dogasy-da Onuň guwanjydyr.


Erbetleriň gurbanlygy ýigrenjidir, eger ol ýaman niýet bilen getiren bolsa, ondanam beterdir.


«Öz ýollaryny saýlaýanlar, nejis işlerinden lezzet alýanlar bar. Öküzi gurbanlyk berýän adam öldüren bilen deňdir, guzyny gurbanlyk berýän itiň boýnuny ýazdyran ýalydyr; galla sadakasyny beryän doňzuň ganyny hödürlän bilen deňdir, ýakymly ysly tütetgi tütedyän buta sežde eden ýalydyr.


Onsoň Musa Haruna: «Ine, bu Rebbiň: „Hyzmatymy edýän ruhanylar Meniň mukaddesligime hormat goýmalydyrlar. Bütin halk Meni şöhratlamalydyr“ diýeni şudur» diýdi. Harun sesini çykarmady.


Şeýlelikde, men dessine saňa adam ýolladym, sen-de gelip ýagşy etdiň. Ine, hemmämiz Hudaýyň saňa aýtmagy buýran ähli zadyny eşitmek üçin, Onuň huzuryna toplandyk».


Beriýadaky ýahudylaryň gözýetimi Salonikidäki ýahudylaryňka garanda has giňdi. Olar Isa hakyndaky habary göwünjeňlik bilen kabul edip, Pawlusyň aýdanlarynyň hakykatdygyny görmek üçin, Mukaddes Ýazgylary her gün seljerýärdiler.


Eýsem iýip-içmek üçin öz öýüňiz ýokmy? Ýa-da siz Hudaýyň ýygnagyny äsgermän, garyplary kemsitmek isleýäňizmi? Men muňa näme diýeýin? Şeýle edýäniňiz üçin sizi taryplaýynmy? Elbetde, ýok!


Eger biz hakykat bilimini kabul edenimizden soňam bilgeşleýin günä etsek, günäleri bagyşlamak üçin indi gurbanlyk ýokdur.


Eý, söýgüli doganlarym, muňa üns beriň: her bir adam eşitmekde çalt, geplemekde assa, gaharlanmakda haýal bolsun.


Rebbiň goşunynyň serkerdesi oňa: «Çarygyňy çykar, çünki seniň duran bu ýeriň mukaddes toprakdyr!» diýdi. Ýeşuwa aýdylyşy ýaly etdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ