Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 4:8 - Mukaddes Kitap

8 Ine, bir ýalňyz adam bardy; onuň ne ogly bardy, ne-de dogany. Çekýän zähmetiniň soňy ýokdy, ýöne şonda-da gözi baýlykdan doýmaýardy. Ol: «Men kim üçin zähmet çekýärin? Kim üçin özümi lezzet almakdan mahrum edýärin?» diýip sorady. Bu-da biderek, ýowuz ýumuş.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

8 Ине, бир ялңыз адам барды; онуң не оглы барды, не-де доганы. Чекйән зәхметиниң соңы ёкды, йөне шонда-да гөзи байлыкдан доймаярды. Ол: «Мен ким үчин зәхмет чекйәрин? Ким үчин өзүми леззет алмакдан махрум эдйәрин?» дийип сорады. Бу-да бидерек, ёвуз юмуш.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 4:8
21 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaýymyz Reb: «Adama ýekelik ýagşy däl, oňa özüne laýyk kömekçi ýaradaýyn» diýdi.


Ýa Beýik Hudaýym, Seniň bilen deňär ýaly hiç kim ýok! Seniň bize gönükdirilen gudratly işleriň, pikirleriň köpdür. Men olary wagyz edip, aýdasym gelýär, ýöne olar sanardan köpdür.


Gurbanlyk bilen sadakany Sen islemediň; Sen meniň gulaklarymy açdyň; ýakma gurbanlygyny, günä gurbanlygyny talap etmediň.


Ölüler dünýäsiniň we heläkçilik ýeriniň doýmaýşy ýaly, adamyň gözi-de asla doýýan däldir.


Gögüň astynda edilýän ähli zatlar barada paýhas bilen gözleg hem barlag geçirmegi ýüregime düwdüm. Işli bolsunlar diýip, bu Hudaýyň ynsanlara beren agyr ýumşudyr.


Bar zat irizýär. Muny söz bilen beýan edip bolmaz. Göz görmekden doýmaýar, gulak-da eşitmekden.


Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk!


Olaryň bütin ömri dertden, zähmeti gussadan doly; ýüregi gijesine-de rahatlanmaýar. Bu-da biderek!


Men Günüň astynda ýene-de bir bidereklik gördüm:


Harytlar köpelende, ony iýýänler-de köpelýändir; gözleri bilen görmekden başga eýesine ondan näme haýyr bar?


Puly söýýän, puldan doýmaz, baýlygy söýýän-de, gazançdan. Bu-da biderek.


Öý üstüne öý, ýer üstüne ýer edinýänleriň dat gününe! Özüňizden başga ýer goýmaýarsyňyz, ýurtda diňe siz ýaşamalymy näme?


Näme üçin puluňy çörek bolmajak zada, zähmetiňi doýurmajak zada sarp edýäň? Meni ünsli diňläň, ýagşy zady iýiň, janyňyz näz-nygmatlardan lezzet alar.


Eý, argynlar, agyr ýüklüler, Meniň ýanyma geliň, Men size dynçlyk bereýin.


Emma Hudaý oňa: „Eý, akmak! Edil şu gijäniň özünde janyň alnar. Onsoň özüň üçin taýýarlan zatlaryň kime galar?“ diýýär.


Sebäbi dünýädäki ähli zatlar: günäli höwesler, açgözlük we baýlyk bilen magtanmak Atadan däldir, dünýädendir.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ