Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 4:4 - Mukaddes Kitap

4 Men ýene-de bir adamyň bar çeken zähmetiniň, ussatlyk bilen eden ähli işleriniň goňşusyna bolan göriplik zerarly edilendigini gördüm. Bu-da biderek, salgyma çapmak.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

4 Мен ене-де бир адамың бар чекен зәхметиниң, уссатлык билен эден әхли ишлериниң гоңшусына болан гөриплик зерарлы эдилендигини гөрдүм. Бу-да бидерек, салгыма чапмак.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 4:4
19 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Onuň süri-süri ownukly-irili mallary we köp sanly hyzmatkärleri bardy. Şol sebäpli hem piliştliler Yshaga görübilmezçilik etdiler.


Ýakup Labanyň ogullarynyň: «Ýakup biziň kakamyzyň ähli emlägine eýe boldy. Ol özüniň bütin baýlygyny kakamyzyň hasabyna gazandy» diýen gürrüňini eşitdi. Ýakup Labanyň hem özüne bolan garaýşynyň öňküsi ýaly däldigini gördi.


Gazap zabundyr, gahar sil kimindir, emma gabanjaňlygyň öňünde kim durup biler?


Günüň astynda edilýän ähli işleri gördüm; ine, bary biderek, salgyma çapmak.


Akyldarlyga, telbelikdir akmaklyga düşünmäge ýüregimi berdim. Munuň-da salgyma çapmakdygyny bildim.


Çünki adam paýhas, bilim we ussatlyk bilen zähmet çekýär, ýöne ol baryny hiç bir zähmet çekmedik başga adama galdyrmaly bolýar. Bu-da biderek, uly adalatsyzlyk!


Çünki Hudaý paýhasy, bilimi we şatlygy Özüni razy edene berýändir. Günäli adama bolsa, Hudaýy razy edene bersin diýip toplamak, ýygnamak işini berýär. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Onuň baştutanlyk edýän ähli halky san-sajaksyzdy. Emma soň gelenler ondan razy bolmazlar. Elbetde, bu-da biderek, salgyma çapmak.


Köp söz biderekligi artdyrýar; munuň ynsana näme peýdasy bar?


Baryňa kanagat etmek kalbyň arzuw etmesinden ýagşydyr. Bu-da biderek, salgyma çapmak.


Ol ýolbaşçy ruhanylar bilen ýaşulularyň Isany göripçilikden tabşyrandyklaryny bilýärdi.


Olar öz doganlary Ýusuba göripçilik edip, ony Müsüre satsalar-da, Hudaý Ýusuby ýeke galdyrmady.


Siz Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň bize beren ynsanlyk ruhy örän gabanjaňdyr diýlen sözler boş ýere aýdylandyr öýdýärsiňizmi?


Şeýtana degişli bolup, öz doganyny öldüren Kabyl ýaly bolmalyň. Kabyl ony näme üçin öldürdi? Sebäbi öz eden işleri pislikdi, doganynyňky bolsa dogrudy.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ