Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 4:1 - Mukaddes Kitap

1 Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

1 Мен ене Гүнүң астында эдилйән бар зулумлары гөрдүм. Эзилйәнлериң гөзяшларыны гөрдүм, олара теселли берйән ёкды. Гүйч олары эзйәнлериң элиндеди, эзилйәнлере теселли берйән ёкды.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 4:1
51 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Siz meniň ýerime bolan bolsadyňyz, menem siziň ýaly gepläp bilerdim. Size garşy akgynly sözläp, başymy ýaýkardym.


Ynsanlar agyr sütem astynda perýat edýärler, güýçlüleriň elinden gutulmak üçin ýardam soraýarlar.


Gowuja pikirleniň, adalatsyzlyk etmäň, ýaňadan garaň, men hakdyryn.


Dünýä erbetleriň eline berlendir, dünýä kazylarynyň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?


Duşmanym: «Ondan ökde geldim» diýmesin, ýykylmaýyn, ýagylarym, goý, şatlanmasyn.


Şoňa görä, ruhum sustlandy, meniň ýüregim sarsdy.


Gadymky günleri ýada salýaryn, Seniň ähli edenleriň barada oýa batýaryn, Seniň elleriňiň işi barada pikir edýärin.


Sen hakykatyňy, nuruňy iber, goý, olar ýol görkezsin maňa; goý, olar meni äkitsin, mukaddes dagyňa we ýaşalgaňa.


Çünki bu – Ysraýylyň parzlary, Ýakup Hudaýynyň beren adalatly hökümleri.


«Siz ýewreý aýallaryna göbegene bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin».


Soňra faraon ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi.


Garyby hemme doganlary ýigrenýän bolsa, dostlary ondanam beter terk edýär, ýalbaryp yzyndan ylgasa, olar eýýäm ýokdur.


Ejizleri ezýän garyp hasyly süpürip äkidýän çabga ýalydyr.


Dogruçyllar güýçlenende, halk begenýändir. Erbetler höküm sürende, halk ahy-nala çekýändir.


Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.


Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.


Haram gazanç akyllyny akylyndan azaşdyrýar, para ýüregi azdyrýar.


Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr.


Hökmürowan Rebbiň üzümçiligi Ysraýylyň nesilleridir, hoş görýän bagy-da, ýahuda halkydyr. Ol adalata garaşdy, ýöne zulum gördi; dogrulyga garaşdy, ýöne dady-perýat eşitdi.


Bu käsäni sütemkärleriňiň eline bererin, Olar saňa: „Üstüňden geçerimiz ýaly, ýerde ýüzin ýat“ diýdi. Senem olar geçer ýaly ýer kimin, ýol kimin etdiň arkaňy».


Aýaklary pislige ýortýar, bigünä gan dökmäge howlugýar, pikirleri şerdir, harabalyk, weýrançylyk bar ýollarynda.


Ýas tutýany köşeşdirmek üçin hiç kim onuň bilen çörek iýmez. Ene-atasyny ýitirene teselli käsesinden içirmezler.


Men bular üçin aglaýaryn, gözýaşlarym sil bolup akýar. Janyma aram berýän ýok, teselli beriji menden uzakda. Çagalarym derbi-dagyn edildi, çünki duşman üstün çykdy».


Sion elini uzadýar, emma oňa teselli berýän ýok. Ýakuba duşman boluň diýip, Reb emr etdi goňşy halklara. Iýerusalim olaryň arasynda murdar zada öwrüldi.


Gijesine zar-zar aglaýar, ýaňaklarynda gözýaşy. Oýnaşlaryndan köşeşdirýän ýok ony. Ähli dostlary haýynlyk edip, oňa duşman boldular.


Iýerusalimiň ahlaksyzlygy etegindedi, gelejegi hakda pikir etmedi. Onuň ýykylyşy aýylgançdy, oňa teselli berýän ýokdy. «Ýa Reb, agyr halyma nazar sal, çünki duşman üstün çykdy!»


«Galalarynda zorluk bilen talan oljalaryny toplaýarlar, dogry iş etmegi hiç bilmeýärler. Muny Reb aýdýandyr.


Aşdot we Müsür galalaryna şuny jar ediň: «Samariýanyň daglaryna ýygnanyň. Şäheriň içindäki başagaýlygy, onuň arasyndaky zulumy görüň».


Ine, başga-da bir eden işiňiz bar: siz Rebbiň gurbanlyk sypasyny gözýaşlar bilen, möňňürip, ahy-nala bilen doldurýarsyňyz, sebäbi Reb indi siziň getiren sadakalaryňyza seretmeýär, olary eliňizden hoşallyk bilen kabul etmeýär.


Şonda siz ýene bir gezek dogry bilen egriniň, Hudaýa gulluk edýän bilen etmeýäniň arasyndaky tapawudy görersiňiz».


Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Soňra Men höküm çykarmak üçin ýanyňyza gelip, jadygöýlere, zynagärlere, ýalan ýere ant içýänlere garşy we talabanyň, dul aýalyň, ýetimiň hakyny iýýänlere garşy, gelmişegi hukugyndan mahrum edýänlere, Menden gorkmaýanlara garşy derrew şaýat bolaryn.


Ýöne bularyň ählisi pygamberleriň ýazgylarynyň berjaý bolmagy üçin boldy» diýdi. Şonda şägirtleriň hemmesi Isany taşlap gaçyp gitdiler.


Tanamaýan bir halkyňyz ýeriňiziň hasylyny iýip, çeken agyr zähmetiňiziň hözirini görer. Siz dyngysyz ezilip gynalarsyňyz.


Şonuň üçin hem siz aç-suwsuz, ýalaňaç we hemme zada zar bolup, Reb tarapyndan siziň garşyňyza iberilen duşmanyňyza gulluk edersiňiz. Reb sizi tä ýok edip taşlaýança, boýnuňyzdan demir boýuntyryk asyp, sizi ezer.


Ekinleriňizi oran orakçylary aldap, iş hakyny bermediňiz, bu şol pullaryň perýadydyr. Orakçylaryň dady-perýady Hökmürowan Rebbiň gulagyna ýetdi.


Ysraýyllar Rebbe perýat edip, Ondan kömek soradylar, Oňa ýalbardylar, sebäbi Ýabynyň dokuz ýüz sany demir söweş arabasy bardy we ol ýigrimi ýyl bäri ysraýyllary rehimsizlik bilen ezip gelýärdi.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ