Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 3:22 - Mukaddes Kitap

22 Şeýdip, men ynsana öz eden işinden lezzet almakdan başga ýagşy zadyň ýokdugyny gördüm, çünki bu onuň muzdudyr. Dünýäden ötenden soň, näme boljagyny görkezmek üçin hiç kim ynsany yzyna getirip bilmez.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

22 Шейдип, мен ынсана өз эден ишинден леззет алмакдан башга ягшы задың ёкдугыны гөрдүм, чүнки бу онуң муздудыр. Дүнйәден өтенден соң, нәме болҗагыны гөркезмек үчин хич ким ынсаны ызына гетирип билмез.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 3:22
24 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Ogullary hormata eýe bolýarlar, olar mundan habarsyz, masgaralanýarlar, olar muny bilmeýärler.


Akylsyz köp gepleýändir. Hiç kim näme boljagyny bilýän däldir. Kim oňa özünden soň näme boljakdygyny aýdyp biler?


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


Men Günüň astynda çeken ähli zähmetimi ýigrendim, çünki men bar gazanjymy özümden soň geljege goýup gitmeli.


Adama iýip-içmekden we çeken zähmetinden lezzet almakdan başga gowy zat ýok. Emma munuň-da Hudaýdandygyna göz ýetirdim.


Biderek durmuşynda, kölege kimin geçip gidýän gysga ömrüniň günlerinde ynsan üçin nämäniň gowudygyny kim bilýär? Bu dünýäden gidenden soň, Günüň astynda näme boljakdygyny ynsana kim aýdyp biler?


Ýagşy günde şat bol, gara günde muny ýatla: ynsan özünden soň näme boljagyny bilmesin diýip, Hudaý ýagşylygy-da, betbagtlygy-da ýaratdy.


Şonuň üçin men lezzet almaklygy makul görýärin, çünki Günüň astynda ynsan üçin iýip-içmekden we lezzet almakdan gowy zat ýok. Hudaýyň Günüň astynda beren ömrüniň bütin günlerinde çeken zähmetinden ynsana hemra boljak diňe şatlykdyr.


Ol hakykatdan näme boljakdygyny bilýän däldir; kim oňa näme boljakdygyny aýdyp biler?


Ynsan haçan hasrat geljekdigini bilýän däldir. Zalym tora düşen balyklar kimin, duzaga düşen guşlar kimin ynsanlar hem üstüne betbagtlyk duýdansyz inende, tora düşýärler.


Olaryň söýgüsi, ýigrenji we gabanjaňlygy eýýäm ýok bolandyr. Ölüler Günüň astynda bolup geçýän ähli zatlara goşulyp bilmezler.


Emma sen ömrüňiň ahyryna çenli öz ýoluň bilen gidip, rahatlykda gözüňi ýumarsyň. Ahyrzaman güni täzeden direlip, sylag-serpaýyňy alarsyň».


Şonuň üçin ertiri gaýgy etmäň, ertir öz gaýgysyny özi eder. Her günüň derdi özüne ýeterlikdir».


Bulary Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda, ýagny Onuň saýlajak ýerinde ogul-gyzlaryňyz, gul-gyrnaklaryňyz bilen we galalaryňyzda ýaşaýan lewiler bilen bile iýiň. Öz eden ähli işleriňiz üçin Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda şatlanyň.


Ol ýerde siz Hudaýyňyz Rebbiň huzurynda öz hojalygyňyz bilen bilelikde iýip-içip, Hudaýyňyz Rebbiň siziň ähli işleriňize bereket bereni üçin şatlanyň.


Sebäbi siz ähli zadyň bereketli bolmagy üçin Hudaýyňyz Rebbe şadyýanlyk we joşgunly ýürek bilen gulluk etmediňiz.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ