Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 3:17 - Mukaddes Kitap

17 Içimden: «Hudaý dogry adama hem, erbet adama hem kazylyk eder; çünki Hudaýyň Özi her mesele, her iş üçin wagt belledi» diýdim.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

17 Ичимден: «Худай догры адама хем, эрбет адама хем казылык эдер; чүнки Худайың Өзи хер меселе, хер иш үчин вагт белледи» дийдим.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 3:17
32 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Günäli bilen bigünäniň arasyna parh goýman, bigünäni günäliler bilen bile öldürmäweri! Beýle iş etmeklik Senden daşda bolsun! Bütin Ýer ýüzüniň Kazysy – Sen adalatly hereket etmeli ahyryn!»


Hudaýymyz Rebbi beýgeldiň, Onuň mukaddes dagynda siz sežde ediň. Mukaddesdir Hudaýymyz Reb!


Öz-özüme şeýle diýdim: «Ine, men beýik bolup, paýhasda özümden öň Iýerusalimde hökmürowanlyk edenleriň hemmesinden ozdum. Ýüregim paýhas bilen bilime baýdy».


Eý, ýaş ýigit, ýaşlygyňda şatlan; goý, ýüregiň seni juwan günleriňde begendirsin. Ýüregiň isläni bilen, gözleriň göreni bilen git. Emma bilip goý, bularyň hemmesi üçin Hudaý saňa kazylyk eder.


her bir işe, gizlin bolan her işe – isle ýagşy bolsun, isle ýaman – Hudaý kazylyk eder.


Öz-özüme şeýle diýdim: «Gel, seni lezzet bilen synaýyn, lezzet al». Emma bu-da biderek boldy.


Her zadyň öz möwriti bar, gögüň astynda her zadyň öz wagty bar:


Ynsanyň derdi gaty agyr bolsa-da, her bir işiň öz möwriti bardyr.


Ahyrzaman wagtynda günorta patyşasy onuň bilen çaknyşar. Emma demirgazyk patyşasy söweş arabalarydyr atlylary we birtopar gämileri bilen harasat ýaly onuň üstüne döküler. Ol ýurtlara garşy söweş edip, olary sil deý basar.


Emma, sen, Danyýel, ahyrzamana çenli bu sözleri gizlin sakla we bu kitaby möhürle. Köp adamlar bilimini artdyrmak üçin özlerini ol ýere, bu ýere urarlar».


Ol maňa şeýle diýdi: «Danyýel, öz ýoluň bilen git. Bu sözler ahyrzamana çenli gizlin saklanyp möhürlener.


Ynsan Ogly Atasynyň şöhratynda Öz perişdeleri bilen gelende, her kime eden işlerine görä hakyny berer.


Ata hiç kimiň üstünden höküm çykarýan däldir, Ol ähli kazylygy Ogla tabşyrandyr.


Isa olara: «Atamyň Öz ygtyýary arkaly kesgitlän wagtyny ýa möhletini bilmek siziň işiňiz däl.


Çünki Hudaý Öz bellän Ynsany arkaly dünýäni adalatly höküm etjek gününi belledi. Ony ölümden direltmek bilen Ony belländigini ähli ynsanlara subut etdi».


Şoňa görä-de, bellenilen wagt ýetýänçä, hiç kimiň üstünden höküm çykarmaň. Reb gelýänçä garaşyň. Ol garaňkylykdaky gizlin zatlary ýagtylyga çykarar, adamlaryň ýürek niýetlerini aýan eder. Şonda her kes Hudaýdan öz edenine laýyk öwgüsini alar.


Çünki ýagşy bolsun, ýaman bolsun, parhy ýok, bedendekäk eden işlerimize laýyk paýymyzy almak üçin, hemmämiz Isa Mesihiň höküm kürsüsiniň öňünde durmalydyrys.


Eý, doganlar, bu wakalaryň wagty we seneleri hakda size ýazmagyň geregi ýok.


Milletler Saňa gaharlandylar. Indi Sen hem gazaba mündüň. Indi ölülere kazylyk etmegiň wagty geldi. Seniň gullaryň bolan pygamberleri, Öz halkyňy we Senden gorkýan uly-kiçi baryny sylaglamagyň wagty geldi. Ýeri harabalyga öwrenleri heläk etmegiň wagty geldi».


Perişde aždarhany, ýagny iblis ýa-da şeýtan diýip atlandyrylýan gadymy ýylany tutdy-da, ony müň ýyl möhlet bilen zynjyrlady.


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ