Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 3:16 - Mukaddes Kitap

16 Men ýene Günüň astynda kazylykda adalatyň deregine-de, dogrulygyň deregine-de pisligiň bardygyny gördüm.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

16 Мен ене Гүнүң астында казылыкда адалатың дерегине-де, догрулыгың дерегине-де пислигиң бардыгыны гөрдүм.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 3:16
15 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Men ýene Günüň astynda edilýän bar zulumlary gördüm. Ezilýänleriň gözýaşlaryny gördüm, olara teselli berýän ýokdy. Güýç olary ezýänleriň elindedi, ezilýänlere teselli berýän ýokdy.


Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.


Hemmeler ekin meýdandan peýda görýär, hatda patyşa hem ondan girdeji alýar.


Men bularyň hemmesini gördüm, Günüň astynda edilýän ähli işe üns berdim; bir adamyň beýlekiniň üstünden agalyk etmesi onuň zyýanynadyr.


Adalat yza çekilýär, dogrulyk uzakda; şäher meýdançasynda büdreýär hakykat, dogrulyk aramyza girip bilmeýär.


Gözüne ýakan ekin meýdanlaryny zorluk bilen alýarlar, islän öýlerini eýeleýärler; birini öýünden, ýene birini bolsa mirasyndan mahrum edýärler.


Pis işe türgendir elleri, hökümdarlar, kazylar para soraýarlar, güýçlüler arzuwyna zor bilen amal edýärler. Adalaty ýoýýarlar şeýdip.


Içindäki hökümdarlary arlaýan arslanlar ýalydyrlar. Kazylary daňdana deňeç ýeke süňk goýmaýan aç möjekler kimindirler.


Ýolbaşçy ruhanylar we tutuş mejlis Isa ölüm jezasyny bermek üçin, Oňa garşy galp subutnamalar agtardylar.


Pawlus oňa: «Seni Hudaý urar, eý, ýüzi aklanan diwar! Özüň-ä meniň üstümden kanuna görä höküm çykarmak üçin otyrsyň, soňam bolsa kanuny bozup, meni urmagy buýurýarsyň» diýdi.


Emma siz garyplary masgara edýärsiňiz. Ýogsam size sütem edýän baýlar dälmi? Sizi kazyýete süýreýän hem şolar dälmi?


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ