Biblia Todo Logo
အွန်လိုင်း သမ္မာကျမ်းစာ

- ကြော်ငြာတွေ -




Wagyz 3:14 - Mukaddes Kitap

14 Men Hudaýyň eden her işiniň ebedi galjakdygyny bilýärin; oňa hiç zady goşup bolmaz, ondan hiç zady aýryp bolmaz. Hudaý bu işlerini hemmeler Özünden gorksunlar diýip etdi.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ

Мукаддес Китап

14 Мен Худайың эден хер ишиниң эбеди галҗакдыгыны билйәрин; оңа хич зады гошуп болмаз, ондан хич зады айрып болмаз. Худай бу ишлерини хеммелер Өзүнден горксунлар дийип этди.

အခန်းကိုကြည့်ပါ။ ကော်ပီ




Wagyz 3:14
30 ပူးပေါင်းရင်းမြစ်များ  

Hudaý – Onuň ýoly kämildir, Rebbiň sözleri sapdyr, Ony pena edinýänleriň baryna Reb galkandyr.


Hatda ýolbarslar hem çekýär ejir bilen açlygy, Rebbi agtarýanlar bolsa çekmez hiç mätäçligi.


Hatda dünýäniň iň çet çäklerinde ýaşaýanlaram Seniň alamatlaryňdan gorkup galpyldar; Günüň dogýan hem-de batýan ýerinde Sen şatlyk şowhunlaryny döredýärsiň.


Hudaý merhemet etmegi unudaýdymy? Gaharynda rehim-şepagatyny bes edäýdimi? Sela


Adamyň ýüreginde niýet köpdür, emma Rebbiň maksady amala aşýar.


Rebbe garşy durup biljek hiç bir danalyk, düşünje ýa-da maslahat ýokdur.


Onuň sözlerine hiç zat goşma, saňa käýinmesin, ýalançy çykaýma.


Hemme zat aýdyldy. Netije şudur: Hudaýdan gork we Onuň tabşyryklaryny sakla, çünki bu ynsanyň esasy borjudyr;


Köp hyýallylyk we boş sözler biderekdir; sen Hudaýdan gork.


Eger ýurtda garyplaryň ezilişini, adalatyň we dogrulygyň bozulyşyny görseň, muňa haýran galma; çünki her ýokary wezipeliniň üstünden özünden ýokary baştutan goýulýar we olaryň üstünde özlerinden ýokary bolanlar bar.


Bu duýduryşlaryň birine ýapyşyp, beýlekisinden el çekmezligiň gowudyr, çünki Hudaýdan gorkýan adam bulary tutar.


Owaldan ahyra boljagy, heniz bolmadyklary aýan edýärin. Men: «Berjaý bolar maksatlarym, bar isleglerimi amal ederin» diýýärin.


Onsoň erkeç has güýçlendi, emma onuň güýji has beýgelende, onuň şol ýeke uly şahy döwüldi we onuň ýerine gögüň dört şemalyna garap duran dört sany göze ilginç şah peýda boldy.


Hudaý Öz tutan maksadyna görä, Isany siziň eliňize bermegi öňden karar edipdi. Siz Ony kesekileriň eli bilen tutduňyz we haça çüýläp öldürdiňiz.


Olar Seniň gudratyň we yradaň bilen owaldan karara gelen her bir işiňi hakykata öwürmek üçin ýygnandylar.


Emma Hudaýdan bolsa, onda siz bu işiň öňüni alyp bilmersiňiz. Birden Hudaýa garşy söweşýänler bolup çykaýmaň».


Hiç kim! Çünki bütin barlyk Hudaýdan bolup, Ol arkaly we Onuň üçindir! Oňa baky şan-şöhrat bolsun! Omyn!


Bu Hudaýyň owal-başdan bäri meýilnamasy bolup, ony Rebbimiz Isa Mesih arkaly amala aşyrdy.


Ol Gaýadyr, işleri kämildir, bütin ýollary hakdyr. Wadasynda durýan Hudaýdyr. Dogry hem adyldyr.


Hudaýyň bu ýörelgesi baky ýaşaýyş umydyny berýär. Sözünde asla ýalan bolmadyk Hudaý bu ýaşaýşy dünýä ýaradylmazdan öň wada berip,


Her bir oňat we kämil peşgeş ýokardan, gökdäki yşyklaryň Atasyndan gelýändir. Ol hiç haçan üýtgeýän däldir, Onda üýtgemekligiň ýokundysy hem ýokdur.


Ýa Reb, Senden gorkmajak barmy? Adyňa şöhrat aýtmajak barmy? Çünki mukaddes ýeke-täk Sensiň! Ähli milletler huzuryňa gelerler, olar Saňa sežde ederler. Çünki adalatly hökümleriň aýan boldy».


ကြှနျုပျတို့နောကျလိုကျပါ:

ကြော်ငြာတွေ


ကြော်ငြာတွေ